Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaiti üçin haýyr-yhsan telefon marafony dowam edýär


“Gaiti üçin umytlar” ady bilen ABŞ-da anna güni geçirilen haýyr-yhsan telefon marafony 57 million gowrak dollar ýygnady.

Ýer titremede ejir çekenlere kim kömek bermek islese, ýörite liniýa boýunça meşhur adamlar bilen gepleşmäge mümkinçilik döredildi.

Şol aksiýa tutuş dünýä boýunça alnyp görkezildi. Oňa Bred Pitt, Klint Istwud, Jek Nikolson, Madonna ýaly meşhur kino artistleri, aýdymçylar gatnaşdy.

Telemarafony gurnaýjylaryň aýtmaklaryna görä, serişde ýygnamak işi dowam edýär.
XS
SM
MD
LG