Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama maliýe plany bilen tanyşdyrdy


ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama golaýda jemgyýetçiligi özüniň maliýe sektoryny düzgüne salmak baradaky giň gerimli täze plany bilen tanyşdyrdy.

Bu planda banklaryň möçberini we olaryň maliýe taýdan töwekgelçilikli işlere baş goşmagyny çäklendirmek göz öňünde tutulýar.

Planyň düzülmegine sebäp bolan banklaryň maliýe taýdan goldanylmagyna we ýokary derejeli bank işgärlerine aýlykdan daşgary aşa köp pul tölenýändigine halkyň gahar-gazapdalygy.

Obama indiki maliýe krizisiniň öňüni almak üçin bu düzgünler zerur diýdi: “Biz bir aýylganç krizisden ýaňy çykyp gelýäris. Amerikan halky muňa gaty ýokary baha töledi. Biz indi hiç bir zat bolmadyk ýaly söwda işine dolanyp bilmeris. Şol sebäpden hem Wall Streetiň tölenen pullary Amerikan halkyna gaýtaryp bermegini kepillendirjek bolýarys. Şol sebäpden hem biz maliýe sistemamyzy tas çökeren bu hetdenaşalygy, gödek çemeleşmekligi jylawlajak bolýarys”.

Iki möhüm element

Planda iki möhüm element bar. Ilki bilen banklar maliýe bazarlarynda öz pullary bilen bähbit ugrunda jedele girmeli däl. Bu iş gaty köp peýda getirýär. Ýöne jedel oňuna düşmedik ýagdaýynda çekilýän zyýan ýokary bolýar.

Planyň ikinji böleginde maliýe guramalarynyň möçberini çäklendirmek teklip edilýär. Mundan hem maksat bir kompaniýanyň güýçli bolup edýän töwekgelçilikli işleri bilen tutuş maliýe sistemasyna howp salmazlygy. Has düşnüklisi, bir maliýe institusiýasynyň işiniň batmagy bilen tutuş maliýe sistemasy howp astyna düşmeli däl.

Bu planlara sebäp bolan Wall Streetiň uly kompaniýalarynyň öten ýyl salgyt töleýjilerden köp pul kömegini alyp, bu ýyl öz ýokary derejeli işgärlerine aýlykdan daşgary aşa köp pul töleýänligine jemgyýetçiligiň gahardalygy. Köp adamlar, aýratyn-da maliýe sistemasynyň reformirlenmegini ündeýän bilermenler, Obamanyň tekliplerini oňat garşylaýarlar.

Potensial jedeller

Ýöne tankytçylar: “Täze düzgünler banklaryň häzirki krizislere getiren jedellere girmeginiň öňüni alyp bilmez” diýýärler. Sebäbi bular öý-jaý üçin alnan kreditler ýaly çylşyrymly maliýe işlerini öz içine alýar.

Maliýe guramalarynyň käbiriniň pikiriçe, Obamanyň teklipleri Kongress tarapyndan oňlanan ýagdaýynda alynýan girdejileri çäklendirer.

“Banklaryň bu gün edýän töwekgelçilikli söwda we töwekgelçilikli maýa goýumlarynyň gadagan edilmegi mümkin. Bu hem olaryň edýän gazanjyna zyýan ýetirer” diýip, Kaliforniýada ýerleşýän söwda banky Wedbuş Morganyň direktory Stephen Massokka aýdýar.
XS
SM
MD
LG