Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dalaý Lamanyň ýörite wekilleri Hytaýa barar


Şu gün bosgunlykdaky Tibet hökümeti tibetlileriň ruhy lideri Dalaý Lamanyň ýörite wekilleriniň Hytaýyň resmileri bilen gepleşik geçirmek üçin, Hytaýa barjakdyklaryny mälim etdi.

Mundan bir ýyldan gowrak wagt ozal tibetliler bilen Hytaýyň resmileriniň arasyndaky gepleşikler şowsuz tamamlanypdy. Şonda bosgunlykdaky Tibet hökümetiniň Tibet regionyna has uly awtonomiýanyň berilmeginiň talap etmegi bilen, Hytaýyň hökümeti bu gepleşikleri dowam etdirmekden ýüz öwrüpdi.

2008-nji ýylyň martynda Tibet regionynda Hytaýyň kontrollygyna garşy köpçülikleýin halk gozgalaňlary ýüz berdi.
XS
SM
MD
LG