Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşada «Auşwisdäki» tussaglaryň azat edilmeginiň 65 ýyllygy bellenilýär


Şu gün Polşada «Auşwis» konslagerindäki tussaglaryň azat edilmeginiň 65 ýyllygy bellenilip geçilýär.

Ikinji Jahan urşy ýyllarynda nemes faşistleri Polşanyň territoriýasyndaky bu lageri millionlarça tussaglary ýowuz şertlerde saklamak üçin ulanypdylar.

Bu konslagerde diňe ýöne ölenleriň sany 1 million 100 müň töweregi diýlip hasaplanylýar. Şolardan hem aglabasy gaz kameralarynda jezalandyrylyp öldürilipdir.

1945-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Sowet goşunlary bu lageri nemes faşistlerinden azat edipdiler.

Şu gün giçlik bu konslageriň azat edilmeginiň ýyl dönümi bilen baglanyşykly geçirilýän çärä Polşanyň ýolbaşçylary bilen birlikde Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu hem gatnaşar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG