Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary Parižde türkmenistanlylaryň hukugyny goraýar


Ynsan hukuklaryny goraýan halkara guramalarynyň bir topary düýn prezident Berdimuhamedowyň Fransiýa saparynyň öňünden Türkmenistandaky ynsan hukuklary ýagdaýyna ünsi çekmek üçin Parižde duşuşyk geçirdiler.

Ynsan hukuklary boýunça Halkara Federasiýasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň ýolbaşçysy Aleksandra Kulaewa bu çäräniň maksadyny şeýle düşündirdi: «Biz fransuz häkimiýetlerini türkmen prezidenti bilen geçirjek gepleşiklerinde Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň berjaý edilişi baradaky meseläni hem galdyrmaklyga çagyryp, ýüz tutmaklygy karar etdik.»

Onuň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen ykdysady partnerlyk proýektiniň kabul edilmegi üçin ol proýekti Bileleşigiň hemme agza ýurtlary, şol sanda Fransiýa hem tassyklamaly.

Kulaýewa Fransiýanyň häkimiýetleriniň Türkmenistanyň öňünde ynsan hukuklary babatda anyk şertleri goýmalydyklaryny belledi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň bir topary şu gün bu meselä bagyşlap Parižde ýörite metbugat konferensiýasyny bermekçi.
XS
SM
MD
LG