Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý ABŞ-nyň Taýwana ýarag satmak planlaryny tankyt edýär


Şu gün Hytaý Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Taýwana ýarag satmak planlary baradaky tankytlaryny has-da güýçlendirdi.

Şu gün Hytaýyň daşary işler ministri Ýang Ýieçi bu barada eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň bu ýarag söwdasy baradaky planynyň Hytaýyň milli howpsuzlygyna urgy bolandygyny hem-de öz ýurdunyň Taýwan bilen barlyşmak ugrundaky tagallalarynyň öňünde uly kynçylyk döredendigini aýtdy.

Hepdäniň şenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti bu ýüze çykan waka sebäpli Hytaýyň Birleşen Ştatlar bilen özara harby alyş-çalyş programmalaryny çäklendirjekdigini yglan etmesine gynanýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG