Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama geljek ýyl üçin býujet planyny aýan etdi


Prezident Barak Obama geljek ýyl üçin taýýarlanan býujet planynda näme zatlaryň göz öňünde tutulandygyny mälim etdi, 1-nji fewral, 2010-njy ýyl.
Prezident Barak Obama geljek ýyl üçin taýýarlanan býujet planynda näme zatlaryň göz öňünde tutulandygyny mälim etdi, 1-nji fewral, 2010-njy ýyl.

Prezident Barak Obama geljek ýyl üçin taýýarlanan 3,8 trillion dollarlyk býujet planynda näme zatlaryň göz öňünde tutulandygyny mälim etdi.

Entek Kongres tarapyndan oňlanylmadyk 2011-nji ýylyň býujetinde edilýän çykdajy salgytdan gelýän girdejiden 1,66 trillion dollar ýokary.

Bu harajat ilkinji nobatda ykdysadyýeti dikeldip, ýurtda iş orunlaryny artdyrmaga hem-de Owganystanda we Yrakda barýan uruşlary göz öňünde tutulan möhlet içinde soňlamaga gönükdirilýär.

Amerikan prezidenti “adaty ýagdaýda” özüniň bular ýaly býujetiň tarapdary däldigini, ýöne iki urşuň we gymyldysyz ýatan ykdysadyýetiň bu çäreleri talap edýändigini aýtdy: “Bu býujet ýurduň agyr kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz duranlygyny görkezýär. Biz uruş içinde, ykdysadyýetimiz geçen iki ýyllykda ýedi million iş ornuny ýitirdi. Ençeme ýyllap soňuny saýman edilen aşa ýokary çykdajylar sebäpli hökümetimiz agyr bergiň aşagynda”.

Obama döwletiň ýokary derejelere ýeten bergileri sebäpli öňki prezidentleri we ozalky Kongresi täze harajatlaryň nähili tölenmelidigini oýlanmazdan, iş alyp barmakda tankytlady: “Geçen 10 ýyllykda öňki administrasiýa we öňki Kongres gymmat bahaly täze neşe programmasyny düzdi. Baýlar üçin salgyt derejesini peseltdi. Bularyň hiç biri üçin tölemän, iki urşy maliýeleşdirdi. Bularyň üstüne hem ykdysady durgunlyk, barha ýokarlaýan saglygy goraýyş üçin edilýän harajat urna boldy”.

Işsizlige garşy çäre

Obamanyň planynda 100 milliard dollary geljekde ýurduň 10 prosentden hem aşan işsizlik derejesini aşaklatmak üçin ulanmak göz öňünde tutulýar.

Prezident, millionlarça Amerikan maşgalalarynyň edişi ýaly, Waşington hem bilini berk guşamaly diýdi: “Maşgalalaryň, söwdanyň ýerine ýetirýän düzgünlerini Waşingtonyň-da ýerine ýetirmeli wagty gelip ýetdi. Başardygymyzdan tygşytly hereket etmeli. Zerur däl ýerinde harajat etmeli däl. Öz mümkinçiliklerimiziň çäginde ýaşamaly”.

Bil näçe berk guşalsa-da, tygşytlylyk Döwlet departmenti bilen Goranmak ministrliginde ýok. Obama uruş harajaty diýip, 192 milliard dollar soraýar. Bu puluň hem köpüsi Owganystanda alnyp barylýan harby we harby däl işlere gidýär. Birleşen Ştatlaryň 2001-njy ýyldan bäri Owganystanda eden çykdajysy bir trillion dollar.

Obamanyň býujet plany gutarnykly sese goýulmazdan öň Kongresiň iki öýüniň garamagyndan geçmeli. Onuň käbir ýerleriniň üýtgedilmegi, käbir ýerleriniň hem ret edilmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG