Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Hytaý bilen söwdasynda berk durar


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama özara söwda üçin içki bazarlaryny açdyrmak üçin öz administrasiýasynyň Hytaýa görkezýän gysyşyny artdyrandygyny bildirdi.

3-nji fewralda Demokratik partiýanyň senatorlary bilen Waşingtonda geçen duşuşykda Obama: “Birleşen Ştatlar Aziýa bilen edýän söwdasyny hatda bir prosent artdyryp bilse-de, bu Amerikada müňlerçe, belki-de millionlarça täze iş orunlaryny döreder” diýdi.

Onuň pikiriçe, iň möhümi Pekiniň häzirki söwda düzgünlerini ýerine ýetirmegi: “Biziň alyp barýan tagallamyz bar bolan düzgünleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda berk durup, ikitaraplaýyn ýollar bilen içki bazarlaryny açmaklary üçin Hytaýa we beýleki ýurtlara yzygiderli gysyş görkezmek”.

Obama jedelli mesele bolan Hytaýyň puly ýuanyň nyrhyny-da agzady. Bilermenleriň çaklamagyna görä, ýuanyň häzirki nyrhy dünýäniň esasy pullaryna gatnaşykda hakyky bahasyndan 30, dollara garanda-da, 40 prosent çemesi aşakda.

Amerikan resmileriniň arasynda ençeme ýyl bäri ýörgünli pikire görä, Pekin muny bilgeşleýin edýär. Sebäbi bu Hytaý eksportyna baha taýdan arykmaçlyk getirýär.

“Biziň halkara derejesinde pikirini etmeli kynçylyklarymyzyň biri puluň nyrhy. Biziň harytlarymyzyň bahasy ýasama suratda ýokary, olaryňky hem ýasama suratda aşak bolmaly däl. Bu bize bäsdeşlikde agyr zyýan ýetirýär” diýip, Obama aýtdy.

Muňa garamazdan, Amerikan prezidenti özüniň bir işi etmejekdigini nygtady. Ol hem Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň harytlarynyň Birleşen Ştatlara importyny çäklendirmek.

Obama: “Men şeýle hem öz gelejegimiziň önümlerimizi tutuş dünýä satmak başarnygymyza baglydygyna ynanýaryn. Hytaý biziň uly bazarlarymyzyň biri bolar. Aziýa biziň uly bazarlarymyzyň biri bolar. Özümizi bu bazarlardan mahrum etmek ýalňyşlykdyr”.

Pekin Obamanyň beýanatyna gaharly reaksiýa görkezdi. Ýurduň Daşary işleri ministrliginiň sözçüsi Ma Zhaoşu Hytaýda hemişe aýdylýan zady gaýtalap: “Maliýe bazarlarynyň ýagdaýy bilen ölçäniňde, ýuanyň nyrhy deňagramly” diýdi.

Ýöne Pekini gaharlandyrýan ýeke bu däl. Ol Birleşen Ştatlaryň Taýwana 6,4 milliard dollarlyk ýarag satmagyny-da islänok.

Pekiniň islemeýän ýene bir zady hem prezident Barak Obamanyň Dalaý Lama bilen duşuşmagy. Sebäbi Tibetiň dini ýolbaşçysy şu aýyň aýaklarynda Birleşen Ştatlara barýar.
XS
SM
MD
LG