Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adamlar, öňküden gowy bolmasa-da, uzagrak ýaşaýarlar


Adamlaryň uzak ýaşamagy döwrebap jemgyýetiň gazanan üstünligi. Ol ylymda, jemgyýetçilik syýasatynda, sosial-ykdysady ösüşde öňegidişligiň bolandygyny görkezýär.

Ýöne uzak ömür hökmany suratda durmuş ýagdaýynyň gowulanandygyny aňladanok. Tersine, adam garradygyça, onuň hal-ýagdaýy peselip, berilýän goldaw kemelip başlaýar.

Birleşem Milletler Guramasynyň barlaglary ösüp gelýän ýurtlaryň özlerindäki ýaşy gojalyşan adamlaryň sanynyň artmagyna, galyberse-de olaryň ýaşaýyş şertlerini ýeňilleşdirmäge has-da beter taýýarlyksyzdygyny görkezýär.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan garrylaryň hukugyny goramak boýunça şu hepde Nýu Ýorkda ýola goýlan forumda çykyş edenler ýaşy 60-dan geçen adamlaryň dünýäniň köp ýurtlarynda sosial goragdan köplenç mahrumlygyny aýtdylar.

Kraig Mokhiber Birleşem Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Komissarlygynyň işgäri. Ol köp ýurtlarda adam hukuklarynyň basgylanmagyndan ejir çekýänleriň ýaşy gojalan adamlardygyny aýdýar: “Dünýäniň köp ýerlerinde jynsparazlyk, aýallaryň ala tutulmagy barha azalýar. Ýöne garrylaryň ala tutulmagy welin, gitdigiçe artmak bilen. Näme üçin beýle? Muňa näme sebap bolýar? Meniň pikirimçe, häkimiýetler”.

Birleşem Milletler Guramasynyň Ykdysady we Sosial işler bölüminiň başlygy Şa Zukangyň aýtmagyna görä, adam hukuklary meselesinde ýaşy
Garrylaryň ala tutulmagy gitdigiçe artmak bilen. Muňa näme sebap bolýar? Meniň pikirimçe, häkimiýetler.
gaýdyşan adamlaryň ýagdaýyna üns bermelidigini agza döwletleriň hemmesi biragyzdan tassyklaýarlar. Ýöne dürli ýurtlaryň bu meselä çemeleşişi tapawutly. Şa bu barada Hytaýy mysal getirip: “Bu ýerde bir çagalylyk syýasaty maşgala ýagdaýyny heläkçilik derejesine ýetirdi” diýýär.

“Adamlaryň ömrüniň uzalmagy netijesinde jemgyýetde maşgala gurluşy-da üýtgeýär. Çagalaryň azlygy zerarly öýde öňküsi ýaly garrylara seretmekde maşgala bil baglap bolanok” diýip, Şa belleýär.

Dünýä Bankynyň 2007-nji ýylda çykaran raportynda bellenişi ýaly, bu kynçylyk Gündogar Ýewropa we öňki Sowet Soýuzynda-da bar. Mysal üçin, Orsýetde dogulýan çagalaryň sany azalyp, garrylar köpelýär. Öňümizdäki 20 ýyllykda Orsýetiň ilatynyň 12% aşaklamagyna garaşylýar. Bu hem 17 million adam. Ýöne garrylaryň sany welin, artmak bilen. 2025-nji ýyla çenli Orsýetde ilatyň bäşden biri ýaşy 65-den aşan adamlar bolar.

“Ýaşy gojalan adamlaryň, ýarawsyzlaryň, öýsüz-öwzarsyzlaryň ala tutulmagy, olara gara ýöňkelmegi giňden ýaýran zat. Köp ýurtlaryň erbet dolandyrylmagy-da ýaşy gojalan adamlary medisina kömegi ýaly iň zerur hyzmatlardan hem mahrum edip, olaryň iň bärkije adam hukuklary-da bozulýar” diýip, ýaşy 50-den ýokary adamlaryň bähbitlerini goraýan Amerikan guramasy AARP-niň işgäri Josh Kollet aýdýar.
XS
SM
MD
LG