Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran rewolýusiýanyň ýyl dönüminden öň 7 adamy tussag etdi


Eýran 11-nji fewralda, 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasynyň ýyl dönüminiň bellenjek gününde pitne turuzmagy planlaşdyran diýilýän 7 adamy tussag edendigini aýdýar.

Aňtaw ministrliginiň ýerli metbugatda çap edilen beýanatynda tussag edilenlere Dubaýda we Istambulda tälim berlendigi, olaryň käbiriniň Birleşen Ştatlaryň içalyçylyk gullugy tarapyndan hakyna tutulandygy aýdylýar.

«Aýyplanýanlar hususan-da Aşura dessurynda habarlary toplap, daşary ýurtlara iberip, gozgalaňa itergi berdi» diýip, Aňtaw ministrligi aýdýar.
Ministrlik olaryň 11-nji fewralda hem şeýle iş etmekçi bolandyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG