Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Rumyniýada ýerleşdiriljek sistema Moldowa negatiw täsir etmez


Düýn Birleşen Ştatlaryň Moldowadaky ilçisi Asif J.Çaudhry Rumyniýada ýerleşdiriljek amerikan raketa gorag sistemasynyň Moldowanyň howpsuzlygyna hiç hili negatiw täsir etmejekdigini nygtap çykyş etdi.

Kişinýowde geçirilen metbugat konferensiýasynda eden bu çykyşynda amerikan ilçisi bu raketa-gorag sistemasynyň Ýewropany Eýran tarapyndan mümkin bolan hüjümlerden goramak üçin niýetlenendigini aýtdy.

Bu wakanyň öňýany Moldowanyň ozalky kommunist prezidenti Wladimir Woronin Rumyniýada ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýan bu sistemanyň geljekde Moldowany hem konfrontasiýalaryň nyşanasyna öwürmeginiň mümkindigini aýdyp, öz aladasyny mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG