Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deslapky netijeler Ýanukowiçiň ukrain saýlawlarynda ýeňendigini aýdýar


Ukrainanyň merkezi saýlaw komissiýasy deslapky sanaw netijelerine görä, Wiktor Ýanukowiçiň prezident saýlawlarynda sesleriň 49 prosente golaýy bilen eňiji bolandygyny aýdýar.

Komissiýa ýekşenbe güni geçirilen ikinji tapgyr saýlawlaryň netijesini formal taýdan 17-nji fewralda aýan etmeli. Ýöne şu komissiýa sesleriň ählisiniň sanalandygyny we Ýanukowiçiň sesleriň 48.95%-ni alandygyny aýtdy.

Onuň bäsdeşi, premýer ministr Ýuliýa Timoşenko bolsa sesleriň 45.47%-ni alypdyr.

Ýanukowiç eýýäm ýeňendigini jar etdi. Emma Timoşenko öz ýeňlişini kabul etmedi, onuň partiýasy Ýanukowiçi saýlawlary galplaşdyrmakda günäleýär.
XS
SM
MD
LG