Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köp garaşylan ajap eýýam gelmedi


Üç ýyl prezidentlik – demokratik döwletlerde ýolbaşçynyň bitiren işlerine baha bermek üçin ýeterlik wagt hasaplanýar. Ýewropanyň, Demirgazyk Amerikanyň hökümetleri gep-gürrüňsiz öz saýlawçylaryna hasabat bermeli.

Eger Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň ýa-da ABŞ-nyň prezidenti bolan bolsady, şu geçen üç ýyl içinde ol diňe bir žurnalistleriň önünde däl, ýurduň parlamentiniň öňünde-de gazanylan ähli üstünlikler hem goýberlen ýalňyşlyklar, bitirip ýetişmedik işleri barada ençeme gezek hasabat bermeli bolardy.

Meselem, oňa geçen üç ýylyň içinde S.Nyýazowyň hökümdarlyk eden ýyllary Türkmenistanda bolup geçen wakalar barasynda öz halky bilen örän jogapkärçilikli hem agyr gürrüňe başlap bilmändigini düşündirmek ýeňil bolmazdy.

Iki parallel dünýä

Gurbanguly Berdimuhamedow Nyýazowyň eden hatalarynyň diňe käbirini düzetmäge çalyşýar, ýöne diktaturany açyk tankyt etmek häzire çenlem ýola goýulmady, ol şu günki günem ýok. Düzedilýän hatalaram hiç kimiň göwnüne degmez ýaly ýumşaklyk bilen amala aşyrylýar.

Şol düzedişler üzlem-saplam häsiýetli. Operany, sirki dikeltdiler. “Türkmenbaşy” atlandyrylan tutgaýly adam tarapyndan dargadylan bilim, saglygy saklaýyş sistemasyny aýak üstüne galdyrýarlar. Ýöne öňki režimiň adresine ýekeje tankydy söz aýdylmaýar.

Nyýazow döwründe “halk duşmany” atlandyrylyp, köpçülikleýin repressiýa sezewar edilen adamlar bilen bagly tema doly ýapyklygyna galýar. Onuň golaýyna baryp bilýän ýok.

Şeýlelikde türkmen jemgyýeti iki parallel dünýäde ýaşaýan ýaly bolup görünýär. Bir tarapdan, ýurduň “Täze galkynyşlar eýýamyna” aýak basandygyny, kanunlaryň we hukuklaryň agalygynyň döwlet syýasatynyň esasydygyny ynandyrýarlar. Hukuklar, kanunlar aldygyna öwülýär, “Döwlet – halk üçindir” diýen şygar baş şygar hökmünde ileri tutulýar.

Hut şol bir pursatyň özünde-de ýüz münlerçe adama bu aýdylýanlaryň täsiri ýok. Nyýazowyň ölüminden soňky geçen üç ýylyň dowamynda onuň pidasy bolan adamlar türmelerde jebir çekip ýatyrlar.

Näme üçin şu wagta çenli öňki çykarylan hökümleriň näderejede adalatlydygy, şol hökümleriň halkara standartlaryna näderejede gabat gelýändigi boýunça tutuş bolmasa-da, bölekleýin barlaglar, derňewler geçirilmedi?

Sogrulan dişi bejerip bolmaýar

ABŞ-nyň prezidentligine saýlawlaryň öň ýanyndaky kampaniýada Barak Obama Guantanamodaky terrorizmde güman edilýän adamlaryň saklanýan türmesini ýapmagy wada berdi. Şol türme köp sanly halkara gumanitar guramalaryň tankyt ýassygyna öwrülipdi. Ähli kynçylyklary yzda galdyryp, prezident bolandan soň, Obama şol türmäni mümkin boldugyndan tizräk ýapmaga çalyşýar.

Bu iş üçin halkara jemgyýetçiliginiň üç ýyl garaşmagyny göz öňüne getirmegem kyn. Her bir amatly pursatda bu barada oňa ýatladyp durlar. Indi onuň sypjak ýeri ýok. Onuň beren bu sözünde näme üçin tapylyp bilmändigi barasyndaky düşündirişine gulak asjak ýok.

Barak Obamanyň özi wagtal-wagtal syýasatçy, lider hökmünde saklanmagynda bu meseläniň möhümdigini ýatladýar. Şonuň ýaly jogapkärçilik Berdimuhamedowda barmy? Ýok, ol Nyýazow döwrüniň bendilerini azatlyga çykarmagy çürt-kesik wada bermändi. Ýöne ol watandaşlaryna adalatly hem kanun esasynda garamagy wada beripdi.

Nyýazowyň diriligine ýuwutmak ýa-da türmelerde çüýretmek islän adamlary häzir prezidentiň elinde. Olary diri tapmak üçin howlukmak gerek. Köneleriň bir dana sözüni G.Berdimuhamedowdan başga kim jaýdar ýatladyp biler: sogrulan dişi bejerip bolmaýar ahyryn!

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG