Berdimuhamedow 5-nji fewralda eden çykyşynda neşä garşy alnyp barylýan göreşiň ýeterlik däldigini aýdyp, bu meselä halkyň garaýşyndan hem nägiledigini beýän etdi.
Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu barada Kanadanyň Ottawa Uniwersitetiniň professory we neşekeşleri bejermekligiň usullary barada barlaglar geçiren ekspert Hanym Jenepher Lennoks Terrion bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Hanym Jenepher, haýsydyr bir bela, meselem, neşe ýaly derde uçramaklygyň näçe görnüşi bar?
Jenepher Lennoks Terrion: Bilermenleriň pikirine we ýakynda geçirilen barlaglaryň netijesine görä, neşä baglylyk – bu keseldir. Bu derde ýoluganlar beýleki kesselliler ýaly bejerilmelidir. Olara günäli adamlar ýa erbet adamlar hökmünde garalmaly däldir. Emma, umuman, baglylyk barada gürrüň edilnde, neşe, içgi, humar oýnamaklyk, internete baglylyk we jynsy, ýagny seksual baglylyk barada hem gürrüň edip bolar.
Meniň barlaglar geçiren ugrum neşekeşlik baradadyr. Emma agzalyp geçilen baglylyklaryň ählisi hem neşä bagly bolan ýaly näsaglykdyr.
Azatlyk Radiosy: Siz baglylygyň dürli görnüşleri barada gürrüň etdiňiz, neşe bilen bagly aýdylanda, bir adamy bu bela ýolukdyrýan sebäpler nämelerden ybarat?
Jenepher Lennoks Terrion: Adamlaryň neşä bagly bolmaklygynyň sebäplerini anyk aýtmak kyn, emma käbirleri genetiki sebäplere görä bu derde ýolugýarlar. Aýtjak bolýan zadym, eger bir ýetginjegiň ene-atasy eýýam neşekeş bolsa, onuň çagasynyň hem neşekeş bolmak howpy bar.
Meselem, eger göwreli zenan aşa içgi içýän bolsa onuň çagasynyň hem içgä endik etmegi mümkin.
Şeýle-de özüne ynamy bolmadyk, beýleki ýaşlar bilen gowy aragatnaşyk gurmagy başarmaýan ýetginjekleriň hem haýsydyr bir baglylygyň görnüşine ýolukmagy mümkin.
Başga regionlar barada aýdyp biljek däl, ýöne demirgazyk Amerikada çagalar 11 ýaşyna girende, eýýäm çilim çekmek we içgi içmek ýaly zatlara baş goşup başlaýarlar.
Tirýek çekmek, neşä bagly bolmaklygyň ilkinji tapgyry diýlip hasaplanylýar. Eger olar kiçi ýaşda şeýle ädimlere baş goşsalar, onda 17-18- ýaşa aýak basanlarynda, eýýam neşekeş bolmak howpy abanýar.
Azatlyk Radiosy: Tirýek çekip başlan biri doly neşekeş diýlip hasaplanýança nähili prosesleri başdan geçirýär?
Jenmepher Lennoks Terrion: Geliň özüne ynamy bolmadyk, maşgala agzalary we ene-atasy tarapyndan o diýen gözegçilik edilmedik ýetginjegi göz öňüne getireliň. Onuň halk köpçüliginiň arasynda öz pikirini aýtmakdan gorkýanlygyny ýa çekinýänligini, şeýle-de ene atasynyň hem onuň bilen o diýen gyzyklanmaýanlygyny nazara alalyň.
Demirgazyk Amerikada ýaşaýan bir ýetginjegiň neşekeşlige ýolugmagyna, ine, şeýle zatlar sebäp bolýar. Şeýle ýaş adam ilki bilen tirýek çekip başlaýar. Emma tirýek çekip, belli bir möçberde içgi içmeklik, olaryň ählisiniň gelejekje neşekeş boljakdygyny aňlatmaýar. Sebäbi bu işe baş goşup, neşekeş bolman galýan ýaşlar hem bar.
Kimdir biriniň neşä bagly bolup-bolmanlygyny aýtmak üçin, elbetde, belli bir ölçegler bar. Meselem, kimdir biri haçanda irden ukudan turan badyna neşe gözläp başlasa, onda bu şol adamyň neşekeş bolanlygyny aňladýar. Şeýle-de neşekeşlik bilen ruhy kesselliligiň özara berk baglanyşygy bardyr. Meselem, ruhy keselli bolan ýa şeýle kesele duçar bolmak howpy uly bolan adam neşekeşlige ýolugýarmy, ýogsa-da aşa neşe ulanmak adamlary ruhy kesele uçradýarmy? Bu barada takyk bir zat aýtmak kyn. Emma anyklanan zat – ruhy kessellilik bilen neşä baglylygyň özara berk utgaşmagydyr.
Azatlyk Radiosy: Hanym Jenepher, haçanda maşgalamyzyň haýsydyr bir agzasynyň neşekeş bolanlygyna ilkinji gezek şaýat bolanymyzda, biz näme iş etmeli?
Jenepher Lennoks Terrion: Bu ýerlikli sorag, sebäbi biziň ählimiz haýsydyr bir bela ýolugan adamy hökmän tanaýan bolmaly. Ol bela neşe bolsun ýa içgi, ýa-da internete baglylyk bolsun, ýa humar oynamak – bularyň ählisi-de ýaramaz endigiň görnüşleridir.
Biziň ählimiz aşa köp içgi içmekligiň ya neşe çekmekligiň problemadygyna göz ýetirýäris, emma bu derde ýoluganlara nähili çemeleşilmelidigini bilmeýäris.
Kiçi ýaşda derde ýolugan ýetginjek ilkibaşda özüniň bagly bolanlygyny boýun almaýar. Şeýle ýagdaýda ol özüne kömek edilmegini hem islemeýär. Bu hakykatdan hem uly bir meseledir. Şeýle halatda bu ýagdaýa çynlakaý aralaşmak zerur. “Bu nähili edilmeli?” diýlende, bu ýagdaý özüne ýaramaz täsir ýetirýän adamlar, meselem, neşekeşiň ene atasy, eger maşgalaly bolsa, onuň aýaly we çagalary, şeýle-de dogan-garyndaşlary jemlenişip, neşekeş bilen duşuşmaly. Oňa şol baglylygyň beýleki maşgala agzalaryna ýetirýän ýaramaz täsirini düşündirmeli we bu problemanyň nämeden ybaratdygyny açyk orta atmaly.
Bagly bolan adamlar bu belanyň özüne ýetirýän täsirine o diýen göz ýetirmeýän hem bolsa, onuň beýlekilere ýetirýän täsirini aňandan soň, onuň betbagtçylykdygyna düşünip, özüni bejertrmäge razy bolmagy mümkin. Şol adam bu ýagdaýy kabul eden halatynda, ony bejertmek işine başlamaly, bu öýde hem bolup biler ýa-da uzak möhletleýin bejeriş usullaryny ullanmak arkaly beýleki sosial çäreler-de saýlanylyp bilner.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistan ýaly ýurtlarda neşekeşleri bejermek barada gürrüň edilende, umuman, olary keselhana ýerleşdirmek maslahat berilýär, bu dogry çäremi?
Jenepher Lennoks Terrion: Neşä bagly bolan adamy bejermek işi keselhanadan başlanylyp bilner. Sebäbi ilki bilen neşäniň awusyndan neşekeşi halas etmek zerur. Bedeniň şol awudan bir-iki hepdäniň dowamynda arassalanmagy mümkin. Derde ýolugan adamy fiziki ugurdan bejermek üçin ony ilki bilen keselhana salmak dogry usuldyr.
Emma baglylyk, esasanam neşä bagly bolmak, diňe fiziki problema däl. Sebäbi biz başda adamlaryň neşä ýolukmagynyň sebäpleri barada gürrüň etdik. Meselem ýaşlaryň özüne ynamynyň bolmazlygy we beýlekiler bilen gowy aragatnaşyk gurmak ukybynyň azlygy ýaly zatlar barada pikir alyşdyk. Eger bu meseleler aradan aýrylmasa, neşekeşiň bejerildigi däldir. Mysal üçin, bagly bolan adam fiziki taýdan keselhanada bejerilenden soň, keselhanadan çykan badyna gaýtadan ol neşe gözläp başlasa, bu onuň bejerildigi bolmaz. Aýtjak bolýan zadym, baglylygy diňe fiziki taýdan bejermek ýeterlik däldir. Ony ruhy taýdan hem bejermeli.
Bilýäňizmi, bärde esasy mesele näme? Neşe bilen meşgullanýan adamlaryň köpüsi bu işe kiçi ýaşda baş goşan adamlardyr. Şonuň üçin olar, umuman, okuwyny hem kiçi ýaşda taşlan adamlardan ybaratdyr. Şunluk-da olar özlerini neşe bilen üpjün etmek üçin dürli jenaýatlara-da kiçi ýaşlarynda baş goşup ugraýarlar. Şeýlelikde neşä bagly bir adamyň problemasy diňe neşä baglylyk däl.
Okuwyny gutaryp bilmänligi üçin onuň iş tapmak mümkinçiligi gaty az, hünäri bolman soň, oňa iş berjek adam hem tapylmaýar.
Şeýle-de ol bary bir beýlekiler bilen gowy aragatnaşyk gurup bilýän bir adam däl, şeýle-de onuň kiçi ýaşlarda jenaýata baş goşanlygyny hem göz öňüne getirsek, neşekeşi bejermekligiň o diýen aňsat iş däldigine göz ýetirmek mümkin. Eger oňa köptaraplaýyn çemeleşilmese, neşekeşiň keselhanadan çykandan soň, gaýtadan jenaýatçylyga, jelepçilige, ogurlyga we neşe satmaklyga başlamagy mümkin. Şonuň üçin, eger agzalyp geçilen problemalary aradan aýyrmasak, ol adamy jemgyýetiň sagdyn agzasy etmek aňsat bolmaz.
Azatlyk Radiosy: Bu problemalary nähili aradan aýryp bolar?
Jenepher Lennoks Terrion: Şeýle ýagdaýda neşekeşi bejermeklik işine psihiki we sosial taýdan çemeleşip başlamaly. Bu ugur arkaly ol adamyň diňe neşä baglylygy däl, onuň ruhy derdi-de bejerilýär.
Eger derde ýolugan şol adamyň haýsydyr bir ruhy kemçiligi bar bolsa, onda bu derde derman tapmak üçin gaýtadan lukmanlara ýüzlenilmeli. Eger onuň kynçylygy özüne göwni ýetmezlik ýa ynamsyzlyk bolsa, ýagny adamlaryň arasyna goşulmakdan çekinýän bolsa, onda şol adama bu ugurdan ýardam edilmeli.
Barlaglaryň netijesinden mälim bolşuna görä, şeýle problema bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlar öz ýoldaşlarynyň kömegi bilen bejerilse, has gowy netije berýär.
Şunlukda bagly adam fiziki taýdan bejerilenden soň, oňa beýlekiler bilen aragatnaşyk gurmak üçin sosial taýdan kömek etmegi başarsak, onda bu bejeriş usulynyň has täsirli boljagyny, şeýlelikde onuň gaýdyp neşä baş goşmak howpunyň azaljakdygyny aýdyp bolar.
Gysgaça aýdylanda, fiziki bejeriş usuly bilen bir hatarda neşä bagly bolanlara beýleki adamlar bilen gatnaşyk gurmak ukybyny artdyrmaga kömek etmek, bu derde ýoluganlary bejermekligiň iň gowy usulydyr.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow 5-nji fewralda eden çykyşynda neşekeşler bilen öň aragatnaşyk edilmezdi, olar toýdur-märekä çagyrylmazdy, olar başga ýere äkidilerdi, jemgyýetde neşekeşe erbet adam hökmünde garalyp, olara ýigrenç bilen seredilerdi we şeýle terbiýeçilik çäresi oňat netijesini bererdi diýdi. Neşekeşler bilen bagly onuň aýdan bu sözlerine siz nähili baha berýärsiňiz?
Jenepher Lennoks Terrion: Onuň öňe sürýän bu sözleri gaty geň hem onuň saýlap alan usuly gaty täsin, onuň sözlerinden mälim bolşuna görä, prezident neşekeşleri halkdan uzňeleştirmekligiň gowy netije berýänligini aýtmak isleýän ýaly bolup görünýär.
Emma esasy sorag, gowy netije diýip, ol nämäni göz öňünde tutýarka? Haçanda neşekelşler jemgyýetden üzňeleşdirilse, olaryň etjek işleri belli, olar ulanýan neşesiniň möçberini artdyrarlar we şonuň netijesinde-de heläk bolarlar. Ýa olar janyna kast edip ölerler. Galyberse-de, olaryň uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilmegi hem mümkin, şunlukda olar jemgyýetden uzaklaşarlar.
Eger maksadymyz olary özümizden uzaklaşdyrmak bolsa, onda şeýle çäräniň netijeli diýlip hasaplanmagy mümkin. Eger ol bu çäreler arkaly neşekeşleriň neşesini terk edýänligini aýtjak bolýan bolsa we bu çäre hakykatdan hem şeýle netije berýän bolsa, muňa-da gowy bir ädim hökmünde baha berip bolar.
Emma meniň pikirimçe, şeýle çäräniň gowy netije bermegi mümkin däl. Men olary özümizden uzaklaşdyrmagyň gowy netije berjekdigine ynanamok. Sebäbi neşä bagly bolan şol adamy halk arasyndan uzaklaşdyrmak arkaly onuň hasam umydyny ýitirmegine ýol açmagymyz mümkin, bu hereket zerarly şol neşekeş fiziki bolmasa-da ruhy taýdan öler.
Biz neşekeşlige kesel hökmünde garaýarys, şonuň üçinem näsag adamyň maşgala agzalarynyň neşe belasyna ýoluganlary bejermegiň beýle usulyny goldajakdygyna ynanamzok. Eger muňa sosial problema hökmünde garasak, neşekeşleri bejermäge ýardam etmek biziň ählimiziň borjumyzdyr. Neşekeşleri bejermegiň usullary barada geçirilen barlaglaryň netijesi prezidentiň öňe süren pikirlerine gapma-garşy gelýär.
Neşä bagly bolan adamlary jemgyýetden çetleşdirmegiň deregine olara we onuň maşgala agzalaryna, bu derde ýoluganlara netijeli aragatnaşyk gurmagy öwretmeli, neşekeşleri bejermekligiň iň gowy usuly şudyr.