Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary 14-nji fewral gününi belleýärler


Dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem keramatly Walentiniň güni ýaşlaryň arasynda bellenilýär. Şol gün türkmen ýaşlary öz söýgülilerine otkrytkalary sowgat edýärler, öz söýgülerini beýan edýärler.

Keramatly Walentiniň güni, esasanam, paýtagt Aşgabadyň ýaşlarynyň arasynda has meşhurlyga eýedir. Özi hem bu baýramçylygyň owazasy soňky 6-7 ýylyň içinde has-da artyp ugrady.

Bu baýramçylygyň giňden bellenilmeginde otkrytka söwdasyny edýänleriň hyzmaty uludyr. Çünki 14-nji fewral güni diňe bir ýaşlar üçin däl, eýsem söwdagärler üçin hem uly baýramçylyk. Ol gün, otkrytka söwdasyny edýänleriň güni gelýär. Täze ýyl baýramçylygyny hasaba almanyňda, 14-nji fewralda otkrytkalaryň söwdasyndan satyjylar gaty köp düşewünt alýarlar. Eger-de täze ýyl otkrytkalary iki hepdäniň dowamynda satylmak arkaly köp girdejini getirýän bolsa, keramatly Walentiniň gününde otkrytkalaryň 80 prosenti hut 14-nji fewral gününde satylýar.

Söwda nokatlarynda 14-nji fewral gününde her dürli sowgatlary görmek bolýar. Alyja iň arzan nyrhdaky otkrytkadan juda gymmatly sowgatlara çenli satyn almaga mümkinçilik bar. Otkrytka söwdasyny edýänleriň bellemeklerine görä, keramatly Walentiniň gününde, juda geňem bolsa, otkrytkalaryň 70 prosent töweregini gyzlar satyn alýarlar.

Elbetde, ýaşlaryň arasynda “garagolrak” oglanlar hem bar. Olar iň arzan otkrytkalardan ençemesini satyn alyp, gyzlara paýlaýarlar. Bu bolsa hem-ä otkrytka söwdasyny edýänleriň düşewündini artdyrýar hem-de keramatly Walentiniň gününiň şowhunyny artdyrýar.

14-nji fewralyň Türkmenistanda ýene bir waka bilen gabat gelýändigini aýratyn bellemelidiris. Şol gün ýurtda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň baştutany wezipesine girişen güni uly şowhun-dabara bilen bellenilýär.

Aşgabatda şol gün dürli konsert çäreleri geçirilýär. Bu çärelere, adatça bolşy ýaly, paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň studentleri gatnaşdyrylýar. Mahlasy, 14-nji fewralda türkmen ýaşlary hem keramatly Walentiniň gününi, hem-de ýurduň prezidentiniň döwlet baştutanlygyna saýlanan gününi belläp, bir okda iki towşan urýarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG