Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen bazarlaryndaky arabalar


Türkmenistanyň bazarlarynda “Araba gerekmi?” diýip gygyrýanlara türkmenistanlylar öwrenşen bolsa gerek. Olaryň aglabasy-da ýaşlar.

Garaşsyzlyk döwründe dörän bu kär bilen meşgullanýanlara ýurduň ähli bazarlarynda duşmak bolýar.

Ýörite araba ýasap, ony kireýne berýän adamlar hem bar. Arabany bir güne kireýne almak üçin 10 müň manatdan 15 müň manada çenli tölemeli. Olaryň her bazarda gazanýan puly 100 müň manatdan 200 müň manada ýetýär.

Gazanjynyň mukdary arabaçynyň öz ukybyna bagly. Käbir arabaçylar bazar güni 300 müň manatdan hem köp gazanyp bilýär diýip, biziň Aşgabatdaky habarçymyz Murat Gurban aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Şir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar“ programmasynda Germaniýada başlanan halkara „Berlinale“ kinofestiwaly hem-de Karnawal baýramçylygy barada hem maglumat berilýär.

Bular baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG