Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarusda ýene-de polýak aktiwistleri saklandy


Düýn ýene-de Belarusda resmileşdirilmedik polýaklar Geňeşiniň aktiwistleri saklandy.

Bu guramanyň maglumatyna görä, Polýak medeni merkeziniň ykbaly baradaky sud diňlenişigine barýan 30 töweregi adam Woložin şäherinde tussag astyna alnypdyr.

Aktiwistleriň köpüsi mundan öňem kanun goraýjy organlaryň işgärleri tarapyndan saklanypdy, hat-da olara jerime-de salnypdy.

Polýaklar 10 million ilaty bolan Belarusyň ýaşaýjylarynyň 10% töweregini düzýär.

Bu etnik toparyň wekilleriniň köpüsi ýurtda demokratik reformalaryň geçirilmegi ugrunda çykyş edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG