Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington Damaskdan nämäni umyt edip biler?


Siriýanyň prezident Başar Al-Assad (çepde) ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary William Burns bilen duşuşýar, Damask, 17-nji fewral, 2010-njy ýyl.
Siriýanyň prezident Başar Al-Assad (çepde) ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary William Burns bilen duşuşýar, Damask, 17-nji fewral, 2010-njy ýyl.

Prezident Barak Obamanyň bäş ýyldan soň Siriýa ilçi ibermek kararyna gelmegi bu ýurt bilen diplomatik gatnaşyklaryň täzeden ýola goýulmagydyr. Öňki prezident George Buş bu ýurt bilen gatnaşyklary kesip, Siriýany ýaramaz döwletleriň hataryna goşupdy.

Çarşenbe güni Ak Tam Riçard Forduň täze ilçi edip bellenenligini bildireninden bir gün soň, Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň kömekçisi William Burns Damaskda prezident Başar al-Assad bilen duşuşdy.

Ýokary derejeli diplomat bu duşuşykdan soň öňde kynçylyklaryň bardygyny agazasa-da, ikitaraplaýyn bähbitlerde iki ýurduň öňe süýşüp biljekdigi barada umytly gürledi.

Ikitaraplaýyn bähbitler, dogrudan hem, ýok däl. Hem Waşington hem Damask Yrakda durnuklylygy isleýär.

Umumy islegleriň ýene biri-de Eýran bilen Ysraýylyň arasynda uruş bolmazlygy. Sebäbi munuň tutuş regiona ýaýraryndan gorkulýar.

Siriýanyň ähmiýeti

Murhaf Jouejati siriýaly syýasy eskpert. Ol: “Öňki prezident George Buşuň Siriýanyň garşysyna sanksiýalar girizip, ony çetleşedirmek baradaky syýasaty garaşylan netijäniň tersini berdi. Ol Siriýany ejizletmegiň geregine, regionda onuň roluny güýçlendirdi” diýýär.

“Siriýa Orta Gündogarda esasy aktýorlaryň biri. Onuň Liwanda täsiri bar, Ysraýyl-Palestina frontunda täsiri bar. Onuň täsiri Yraga-da ýetýär. Siriýa örän ähmiýetli. Režimi çalşyrmak baradaky synanyşyk, onuň garşysyna gazaply hereketleri, sanksiýalary ulanmak peýda bermedi” diýip, Jouejati aýdýar.

Analizçileriň we diplomatlaryň aýtmagyna görä, Waşingtonyň isleýäni Siriýanyň Eýran bilen ysnyşykly gatnaşygynyň üýtgemegi. Ýöne Jouejatiniň pikiriçe, Damask Tähran bilen gatnaşygyny Waşington bilen gatnaşyga pida etmez.

“Men Waşingtonda bu Eýran bilen Siriýanyň arasyny açar diýen ham-hyýal bardyr öýdemok. Siriýanyň perspektiwasyndan garanyňda Waşington bilen oňat gatnaşyk Tähran bilen bolan gatnaşygyň hasabyna bolmaz” diýip, Jouejati aýdýar.

Ýöne Jouejati: “Birleşen Ştatlar bilen täze gatnaşyk Siriýanyň Orta Gündogaryň ýaraşyk prosesine goşulmagyna getiren ýagdaýynda munuň üýtgemegi mümkin” diýen pikirde.

Ýaraşyk prosesi

Eýse, Amrika dürtgüläýende-de, Damaskyň ýaraşyk prosesini ilerletmek mümkinçiligi näderejede?

Türkiýäniň araçylygy bilen Siriýa-Ysraýyl arasynda giden gytaklaýyn gepleşikler Ysraýyl Gaza girensoň, 2008-nji ýylyň dekabrynda kesildi. Damask göni gepleşikler üçin Ysraýylyň Golan blentliklerinden çekilmegini isleýär.

“Problema siriýalylaryň, şeýle hem regionda, köpleriň garaýşyça, Ysraýylyň Golan belentliklerinden 1967-nji ýylyň iýunyndan öňki liniýasyna çekilmezlik niýetinde berk duranlygy. Siriýa üçin gyzyl çyzyk şu. Ysraýyl muny etmese, gürleşmäge zat ýok” diýip, Jouejati aýdýar.
XS
SM
MD
LG