Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa döwletleri bilen Ysraýylyň gatnaşyklarynda dartgynlyk döredi


Hamasyň söweşjeň lideriniň geçen aýda Dubaýda öldürilmegi bilen baglanyşykly bolan waka birnäçe Ýewropa döwletleri bilen Ysraýylyň gatnaşyklarynda belli bir dartgynlylygy döretdi.

Dubaýyň polisiýasynyň Hamasyň söweşjeň lideri Mahmud al-Mabhuhyň geçen aý Dubaýdaky myhmanhanada öldürilmeginde aýyplanýan 11 adamyň sanawyny ýaýratmagynyň yzy bilen, bu wakada Ysraýylyň “Mossad” razwedka gullugyna bildirilýän şübheler artyp başlady.

Dubaýyň polisiýasy bu aýyplanýanlaryň Ýewropa döwletleriniň pasportlary bilen şol gürrüňi edilýän myhmanhanada bolandyklaryny aýdýar.

Güman bildirilýän bu 11 adamdan altysy Britaniýanyn, üçüsi Irlandiýanyn, biri Germaniýanyň we ýene biri bolsa Fransiýanyň pasportyny ulanypdyr. Britaniýa bilen Irlandiýanyň häkimiýetleri bu ulanylan pasportlaryň galp pasportlardyklaryny aýdýarlar.

Şu gün bu iki döwletiň hem hökümeti bu ýüze çykan wakany ara alyp maslahatlaşmak üçin Ysraýylyň ilçilerini ýörite gürrüňe çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG