Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obamanyň wekili Gyrgyzystana iş sapary bilen geldi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Owganystan hem-de Päkistan boýunça ýörite wekili Riçard Holbruk.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Owganystan hem-de Päkistan boýunça ýörite wekili Riçard Holbruk.

Şu gün ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Owganystan hem-de Päkistan boýunça ýörite wekili Riçard Holbruk Gyrgyzystana iş sapary bilen geldi. Ol şu gün öýlän Gyrgyzystanyň prezidenti K.Bakyýew bilen duşuşdy.

Geçen ýyl Gyrgyzystanyň syýasatynda möhüm wakalar bolup geçdi. Resmi Bişkek Orsýetden iki milliard dollar kredit almak barada Kreml bilen ylalaşyga gelensoň, ABŞ-nyň «Manas» howa bazasynda ýerleşen harby-howa bazasyny ýurtdan çykarjakdygyny yglan etdi. Emma biraz wagt geçensoň, ol bazanyň ady üýtgedilip, baza merkezi hökmünde öňki ýerinde galdyryldy.

Ýylyň ahyrynda K.Bakyýew Gyrgyzystanyň daşarky syýasatynda köp wektorly syýasat ýöretjekdigini yglan etdi.

«Manas» howa bazasy
Geçen ýylyň tomsunda Amerikanyň harby-howa bazasynyň ýurtdan çykaryljakdygy yglan edilensoň, Gyrgyzystana ABŞ-nyň hem Orsýetiň ýokary derejeli çinownikleri gatnap başladylar. Hatda Waşingtondan hem delegasiýa gelip gitdi.

Orsýetiň prezident administrasiýasynyň başlygy Sergeý Naryşkin, wise-premýer Igor Seçin ýaly tasirli adamlar-da Bişkekde boldular. Indi bolsa Amerikanyň prezidentiniň ýörite wekili Riçard Holbruk geldi.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar ýurtlary we ABŞ boýunça departamentiniň direktorynyň orunbasary Kaýnarbek Toktomyşew Holbrugyň iş sapary barasynda şeýle pikirde: “Holbruk wezipesi boýunça Owganystan bilen Päkistana jogap berýär. Meniň pikirimçe, prezident bilen duşuşykda Owganystan hem-de regionyň howpsuzlygy, şeýle-de «Manas» harby bazasyndaky Amerikanyň harby-howa bazasy barada gürrüň ediler. Ol iş saparynyň dowamynda diňe prezident bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.”

Birleşen Halk hereketiniň Syýasy geňeşiniň agzasy Topçybek Turgunalyýewiň pikirine görä, Gyrgyzystanyň içki syýasatynda bolşy ýaly, daşky syýasatynda-da milli kemçilikler bar.

“K.Bakyýew Orsýete bir zat diýse, Günbatara başga, Hytaýa umuman başga zat diýýär. Sebäbi Akaýew bilen Bakyýew ýurda daşary ýurtlardan gelýän milliardlap pullary nädogry sarp etmäge ozal bile başlapdylar. Häzir bu iş has güýjedi” diýip, Turgunalyýew aýdýar.

Duşuşyklarda gozgaljak meseleler

Gyrgyzystanly syýasaty öwreniji Orazbek Moldalyýew Riçard Holbrugyň Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentleri bilen duşuşykda olaryň Owganystandaky ýagdaýy düzetmek işinde nirede, nädip, nähili ýollar bilen kömek berjekdikleri barada geňeşjekdigini öňe sürdi.

Moldalyýew Türkmenistan hakda aýratyn durup geçdi: ”Türkmenistan barada aýtsak, Türkmenistanyň talybanlar bilen hyzmatdaşlyk etmekde uly tejribesi bar. Beýleki döwletler näme etjegini bilmän, ikirjiňlenip duran wagty Türkmenistan, gorkman, talyplara elektrik energiýasyny eksport etdi. Bu meselede Türkmenistanyň iş tejribesinden peýdalanmak mümkin”.

Onuň aýtmagyna görä, Riçard Holbruk Owganystan we Päkistan boýunça ýörite wekil bolany üçin duşuşykda bu meselä hökman üns berler.

Globallaşmak mahalynda daşky dünýäden üzňe ösmegiň mümkin däldigi sebäpli Merkezi Aziýa ýurtlary üçin daşary ýurtlaryň inwestisiýalary we gatnaşyklary möhümdir.

Synçylaryň pikirine görä, şu mahala çenli regionyň döwletleriniň ykdysadyýeti diňe Orsýete bagly bolan bolsa, häzirki hökümetler tereziniň Hytaý tarapyna agram bermäge girişene meňzeýarler.

Şol bir wagtyň özünde-de Owganystandaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmak maksady bilen ABŞ regionda esasy oýunça öwrüldi diýip, synçylar aýdýarlar.

Indi Merkezi Aziýa ýurtlary üç sany uly döwletiň arasynda iş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG