Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet simwollary real ýagdaýa gapma-garşy


Soňky hökümet maslahatlarynyň birinde Türkmenistanyň prezidenti ýurduň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň döwlet simwollarynyň manysyna çuňdan akyl ýetirmäge çagyrdy.

Milli simwollaryň, olaryň ähmiýetiniň ýurduň her bir graždanynyň aňyna ýetmegi üçin tagalla etmegiň möhümdigini belledi. Mekdep programmalarynda simwollaryň mynasyp düşündirişiniň bolmagyny talap etdi.

Ähli döwlet simwollarynyň esasynda, aňyrsynda ýatan obrazlar, üns berlip seredillse, şu günki real ýagdaýa gapma-garşy gelýär.

Bilesigeliji hem gorky diýen zady bilmeýän ýaşlar, mekdep okuwçylary döwlet simwollarynyň ýurtda gündelik dowam edýän praktika gabat gelmeýändigine aňsat göz ýetirip bilerler.

Türkmenistanyň baş simwoly – gerbi, onuň sekiz uçly ýyldyzyny alyp göreli. Şol ýyldyz sekiz şöhläni, sekiz tarapy aňladýar. Türkmenlerde gadymdan bäri däp bolup gelýän älemiň dört tarapy bar. Şol taraplaryň hersiniň arasynda-da aralyk taraplar bar.

Serhet gulply, halkam


Ine, şu ýerdenem jogap bermesi kyn bir sorag döreýär: älemiň şol taraplary bilen şu günki türkmenleriň arasynda nähili umumylyk bar? Ýaňy-ýakynam ýurduň graždanlarynyň köpüsi ýörite rugsat haty bolmazdan, goňşy şähere gidip bilmeýärdi ahyryn!

Munuňam üstesine, köp adamlar ýurtdan çykmakda nähili kynçylyklaryň döredilip goýlandygyndan habarsyz. Ýöne bir zady bilýärler: islän wagtyň ýurtdan çykyp gidibermek mümkin däl.

Daşary ýurtda wagtlaýyn okamaga gitmek üçinem studentleriň köpüsine ýurtdan çykmak başartmaýar. Häzirki serhetden geçme düzgünlerini hatda sowet döwri bilenem deňeşdirmek mümkin däl.

Ýigrimi ýyl gowrak mundan öň ABŞ-nyň prezidenti Ronald Reýgan Berlin diwary barasynda soňy bilen taryha giren bir sözi welilik bilen aýdypdy: “Jenap Gorbaçow, şu diwary ýykyň!”

Dogrudanam, köp wagt geçmänkä, berlin diwary ýykylyp, millionlarça adam azatlyga çykypdy. Häzir Türkmenistanyň goňşulary bilen arasyny şonuň ýaly diwar bölýän bolaýmasyn?

Eger türkmen gerbiniň daşyna tikenli simiň şekili aýlanan bolsa, sekiz şöhleli ýyldyz bilen deňeşdirilende, hakykata has ýakyn bolup, ýurduň ýapyklygyny alamatlandyrmazmydy? Serhet gulply, halkam.

Turistik däl agentlikler

Türkmen prezidenti bolsa häzir ýurtda turizmi ösdürmek ugrunda alada edýär. Ýöne Türkmenistana gelýänleriň akymyny turistik agentlikler däl-de, başga edaralar kadalaşdyrýar. Bu iş bilen Milli howpsuzlyk ministrligi, Migrasiýa gullugy we beýleki güýç ulanyjy gurluşlar meşgullanýar.

Kim ýurda gelip bilýär, kim ýurtdan çykyp bilýär, her näçe geňem bolsa, muny polisiýa başlyklary kesgitleýär. Ýurduň birnäçe müň ýyllyk taryhyna degişli mukaddes ýerlere kimler baryp bilýär? Muny adamlar däl-de, ýörite organlar kesgileýär.

Seljuklaryň beýik, Zoroastrizmiň şöhratly döwri daşarky dünýäde özlerini häzirki ýaly ýapyklyk bilen tanadan däl bolsalar gerek. Şol ýapyklyk Türkmenbaşydan miras galdy.
Beýik Parfiýa imperiýasy döwründe türkmen etnosynyň tutuş Aziýa güýçli täsir ýetirendigini propaganda tassyklaýar.

Eger edil häzir Türkmenistandaky ýaly Parfiýa döwletinde-de ýurda gelmäge hem ondan gitmäge ýapyklyk, gadaganlyk bolan bolsady, şol gürrüňi edilýän täsir asla bolmazdy. Şol patyşalykdan zyndandaky zynjyrlaryň şaňňyrdysynyň fonunda gabrystanyň dymyşlygy eşidilerdi.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG