Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain sudy Timoşenkonyň şikaýatyna seretmäni togtadýar


Ukrain sudy şu gün premýer ministr Ýuliýa Timoşenkonyň prezident saýlawlarynyň netijesi boýunça şikaýaty baradaky diňlenişigi togtatmak kararyna geldi.

Sudýa Oleksander Neçitiaýlo sud prezidentlige kandidat Ýuliýa Timoşenkonyň şikaýatyny seljermän goýýar diýdi.

Ukrainanyň premýer ministri Ýuliýa Timoşenko biraz öň prezident saýlawlarynyň netijeleri barada suda eden şikaýatyny yzyna aljakdygyny, sebäbi suduň ol şikaýata adalatly seretmejegini aýdýar.

Ol Kiýewde žurnalistleriň öňünde eden gürrüňinde «Biz şikaýatymyzy yzyna alarys, sebäbi suduň saýlaw galplyklaryny ýuwmarlajagy hem onuň netijelerini kanuny diýip hasaplajagy belli» diýdi.

Timoşenko bu sözleri öz şikýaty boýunça sud diňlenişiginiň ikinji güni tamam bolandan soň aýtdy.
XS
SM
MD
LG