Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmeniň milli dony protestlere gatnaşdy


Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça golaýda Ženewada geçiren Eýran baradaky geňeşine öz milli lybasyny geýnen Eýran türkmenleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Olar Ženewadaky ýygnanyşykda Eýranda öz milli hukuklarynyň depelenişini beýan etdiler.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçyşy Taher Şir Mohammadi bu geňeşe gatnaşan Eýran türkmenlerinden Ýusup Kor hem-de Hajy Hallymuhammedi bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýusup, golaýda Ženewada BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň ýygnagy boldy. Siz hem birnäçe Eýran türkmenleri bilen bilelikde ol ýere bardyňyz. Ženewada siz nähili islegleri orta atdyňyz?

Ýusup Kor: Türkmenler ýurduň beýleki milli azlyklarynyň wekilleri bilen bilelikde Eýranda adam hukyklarynyň häkimiýetler tarapyndan gödek depelenýändigini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek hem Eýranyň bu hereketlerine açyk garşylyk bildirmek üçin Ženewa bardylar. "Ynsan haklarynyň kerweni" adyny alan bu çärä Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan köp adamlar gatnaşdy. Türkmenler hem şol "Kerweniň" düzüminde Ženewa bardylar. Ol ýerde jemi 1000-den gowrak adam ýygnandy. Milli azlyklaryň wekilleri, şol sanda türkmenler hem öz milli egin-eşikleri bilen şol protestlere gatnaşdylar.

Azatlyk Radiosy: Eýran türkmenleri tarapyndan Ženewa baranlaryň ýene biri Hajy Hallymuhammedidir. Hajy, siz näme üçin bu protestlere türkmeniň milli donuny geýip gatnaşdyňyz?

Hajy Hallymuhammedi: Biz Eýranda, ylaýtada Türkmensährada ynsan hukuklarynyň depelenmegine garşy ýurduň beýleki milli azlyklarynyň wekilleri bilen bir hatarda köp wagtlardan bäri şol protestlere öz "köneje" türkmen donumyzy egnimize geýip, gatnaşýarys. Biz şol toprakda türkmenleriň hem barlygyny, öz ene dilmizde okadylmaýandygny, hem-de türkmen mekdepleriniň ýoklugyny mälim edýäris. Galyberse-de, türkmenlere öz ýaşaýan şäherleindäki döwlet edaralarynda orun berilmeýändigini we ýene şuňa meňzeş faktlary Ženewada jogapkär adamlara ýetirdik.

Azatlyk Radiosy: Eýran häkimýetleri milli azlyklaryň, şol sanda türkmenleriň hukuklary ýurtda bozulmaýar, olaryň hukuklaryna hormat goýulýar we türkmenler öz ene dillerinde kitap çykarýarlar. Meselem, olaryň öz gazýet-žurnallary bar diýip, düşündiriş berýärler. Ýusup, indi siz Eýran häkimýetleriniň bu düşüdirişine garşy nähili reaksiýa bildirdiňiz?

Ýusup Kor: Başda biz iňlis dilinde Eýran türkmenleri barada umumy maglumat hökmünde "General information about Iranian Turkmens" diýip, bir tekst taýýarladyk. Biz bu tekstde ýazdyk we bir bölegini Hajy hem belledi. Biz "Okuw gerek, hat gerek" diýen şygary hem iňlisçä terjime edip, şol ýazgylar ýazylan plakartlary göterip durduk.

Ýene bir mesele, Eýranda türkmenleriň mejlise öz wekillerini saýlap bilmeýändikleri barada Eýran häkimýetleriniň dildüwşügini we türkmenleriň öz hukuklaryndan mahrum edilişini hem-de ýurtda türkmenleri deňhukukly görmeýändikleri barada hem düşündiriş berdik. Hem dilden aýtdyk, hem ýazyp berdik. Üç sany telewideniýäniň hem-de ynsan hukuklaryny goraýan halkara guramalaryň wekilleri gelip, biz bilen gürrüň etdiler. Biz Ženewa taýýarlykly bardyk we olara hem ýazgyda hem-de dilden öz beýanatlarymyzy berdik.

Olar türkmen eşigini geň görüp, bizi köp surata alyp, interwýu geçirdiler. Meniň pikirimçe, Eýran türkmenleriniň taryhynda, hasam Ýewropada ýaşaýan türkmenleriň ilkinji gezek öz milli lybasynda köpçülikleýin proteste gatnaşmagy dünýä habar serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi hem-de halkara guramalaryň wekilleri biz bilen habarlaşyp, Eýrandaky türkmenleriň ýagdaýlary barada soraşdylar. Biz olara Eýran türkmenleriniň ýagdaýlary barada maglumat berdik.

Azatlyk Radiosy: Hajy, siziň islegleriňiz barada Ženewada nähili reaksiýalar boldy? Meselem, Eýran delegasiýasy tarapyndan nähili reaksiýalar boldy?

Hajy Hallymuhammedi: Ženewadaky ýygnakda Eýran adam hukuklaryna hormat goýmaýanlygy üçin, ýurtdaky milli azlyklaryň medeniýetini basgylaýanlygy üçin dünýäniň iri döwletleri tarapyndan hem tankytlandy. Bu ýygnanyşyk türkmenler üçin halkara adam hukuklaryny goraýjy guramalar bilen gatnaşyk açmaga gowy pursat boldy. Biz Türkmensährada ene dilimize, medeniýetimize hem-de türkmen balykçylaryna garşy görkezilýän basyşlary olara ýetirdik. Olar hem gelejekde Eýran baradaky hasabatlarynda bu ugurda maglumat berjekdiklerini aýtdylar.

Azatlyk Radiosy: Ženewadaky geňeşe müňe golaý eýranly, 60 döwletiň hem wekilleri gatnaşdylar diýdiňiz. Bu döwletleriň reaksiýalary nähilidi we ol ýygnak nähili netijeleri berdi?

Ýusup Kor: Ženewadaky maslahatda döwletler öz pozisiýalaryny hem-de Eýrandaky bolýan wakalara garaýyşlaryny mälim etdiler. Eýranlylar, tapawudy ýok haýsy milletden bolsun, birleşip, ýörite hasabat berýän topar döretmeli boldular. Eýran gelejekde şu topara jogap bermeli boldy.

Ýöne Gazagystan we Ermenistan ýaly öňki SSSR-iň düzümine giren birnäçe döwletleriň wekilleri muňa garşylyk bildirdiler. Bu döwletler Eýran häkimiýetleriniň adam hukuklary baradaky tutan syýasatlaryny oňladylar we Eýran döwletiniň tarapyny tutdular. Bu meni gaty gynandyrdy.
XS
SM
MD
LG