Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lufthansa kompaniýasynyň pilotlary gaýtadan işe başladylar


Germaniýanyň Lufthansa howaýollarynyň pilotlary gepleşikleri gaýtadan başlamaga razylyk bildirdi we pilotlaryň bir gün dowam eden iş taşlaýyşy togtadyldy.

Lufthansa howaýollary we pilotlar guramasy tarapyndan ýaýradylan beýanatda, iş taşlaýyşyň gijaniň ýaryndan başlap togtadylanlygy we gepleşikleriň başlanjakdygy aýdylýar.

9-njy marta çenli hiç hili goşmaça aksiýa gurnalmajakdygy hem habar berildi.

Pilotlaryň “Cockpit Association” atly topary Frankfurtyň senagat meseleleri boýunça sudynda iki sagat dowam eden diňlenşikden soňra şeýle karara gelnenligini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG