Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda Türkmenistandan gaýdyp barýan bir maşyn partladyldy


Şu gün Owganystanyň Gerat welaýatynyň Türkmenistan bilen serhedine golaý ýerdäki Turgunly obasynda Türkmenistandan gaýdyp barýan bir maşynyň partlanandygy barada maglumat alyndy.

Bu wakanyň bolan ýerine golaý ýerde ýaşaýan we özüni Reňgin aga diýip tanadan bir ýerli ildeşimiz bu partlamada bir türkmenistanly, iki eýranly we ýene-de bir owganystanly raýatyň ýaralanandygyny habar berdi.

Ýerli synçylar pult arkaly amala aşarylan bu partlamanyň şol ýol bilen Türkmenistandan gaýdyp gelmeli Owganystanynyň Suw we Energetika ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Ysmaýyl Hanyň janyna kast etmek üçin amala aşyrylandygyny öňe sürýärler.

Ýöne bu nyşana alnan maşynda Ysmaýyl Han ýok eken. Partlamada ýaralanan türkmenistanly raýatyň kimdigi barada häzirlikçe anyk maglumat almak başartmady.
XS
SM
MD
LG