Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ezizowyň 70 ýaş toýy bellendi


Bahar paslynyň ilkinji güni türkmeniň tanymal şahyrlarynyň biri bolan Gurbannazar Eziziowyň 70 ýaşy doldy.

Şu sene mynasybetli Gökdepe etrabynda şahyryň dogduk obasy bolan Söwütlide onuň ýaş toýy bellendi.

Juma Ýazmyradow çykyş edýär.
Çäre etrabyň häkimligi bilen Ezizowyň döredijiligine hormat goýýan edebiýatçydyr sungat işgärleriniň gurnamagynda geçirildi.

Dabarany gurnaýjylar Gökdepe etrabynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky 7-nji orta mekdebinde bagşydyr sazandalaryň, şahyrlaryň, artistleriň we Gurbannazar Ezizowyň edebi döredijiligine hormat goýýan adamlaryň hem-de şahyryň uly maşgala agzalarynyň gatnaşmagyndaky uly çäräni geçirdiler.

Onda çykyp geplänlerden Türkmenistanyň halk artistlary Juma Ýazmyradow, Nury Allaberdiýew, şahyryň jan ýaly dostlaryndan Derýa Baýramgulyýew, Amangeldi Amanow, žurnalist doganlar Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler, ýazyjy Guldurdy Sähetdurdyýew we başga-da birnäçe arzyly myhmanlar Gurbannazar Ezizowyň özlerinde galdyran täsirleri barada gyzykly gürrüňler etdiler hem-de şahyryň goşgularyndan okadylar.

Dabaranyň soňunda Gurbannazar Ezizowyň uly gyzy Ýazgül Ezizowa çäräni gurnan ähli adamlara maşgalalarynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.

Gurbannazar Ezizowyň 70 ýaş toýuna bagyşlanan dabara soňra Gökdepäniň "Gala" restoranynda dowam etdi.
XS
SM
MD
LG