Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň “mämişi koalisiýasy” dargady


Ukrainanyň premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko Kiýewdäki metbugat konferensiýasynda, 2-nji mart, 2010-njy ýyl.
Ukrainanyň premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko Kiýewdäki metbugat konferensiýasynda, 2-nji mart, 2010-njy ýyl.

Ukrainanyň premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko özi üçin şowsuz gutaran prezidentlik saýlawlaryndan birnäçe hepde geçensoň, indi premýer-ministrlik wezipesinden hem mahrum bolmak ähtimallygy bilen ýüzbe-ýüz dur.

Şu gün Ukrainanyň parlamenti Ýuliýa Timoşenkonyň hökümetine ynam bildirip-bildirmezlik meselesi boýunça ses berişlik geçirmekçi.

Bu wakanyň öň ýany bolsa Timoşenkonyň parlamentdäki koalisiýasynyň düzümine girýän esasy syýasy liderlerden biri, parlamentiň spikeri Wolodymyr Litwin bu koalisiýanyň dargandygyny mälim etdi.

Hususan-da, jenap Litwin koalisiýanyň parlamentdäki agzalarynyň gollaryny toplamak boýunça geçirilen çärede bu koalisiýanyň 450 orunlyk parlamentde öňküsi ýaly agdyklyk ediji sany görkezmändigini aýtdy: «Ukrainanyň Konstitusiýasyna we parlamentiň düzgünlerine laýyklykda, men parlamentdäki koalisiýanyň öz işini bes edendigini yglan edýärin».

Bu soňky waka bäş ýyl mundan ozal häkimiýet başyna gelen Ukrainanyň “Mämişi rewolýusiýasynyň” Günbatarparaz liderleriniň döwrüniň geçendigini alamatlandyrdy. Bu liderler bäş ýyl mundan ozal uly dawa döreden prezidentlik saýlawlarynda Wiktor Ýanukowiçiň gazandy diýilýän ýeňşini yzyna gaýtaryp, häkimiýet başyna gelipdiler.

Şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Ýuliýa Timoşenkodan üstün çykyp, prezident saýlanan Wiktor Ýanukowiç parlamentde geçiriljek şu günki ses berişlikde Ýuliýa Timoşenkonyň hökümetiniň ynam sesini alyp bilmejekdigine berk ynanýandygyny aýdýar.

Wiktor Ýanukowiç parlamentde bu günki geçiriljek ses berişlik ýurduň parlamentinde öz dolandyryjy koalisiýasyny döretmäge ýol açar diýip, umyt edýär. Ýöne, beýleki tarapdan, Ýuliýa Timoşenkonyň deputatlaryň goldawyndan mahrum bolmagy bilenem göreş tamamlanmajaga meňzeýär. Sebäbi Timoşenko Wiktor Ýanukowiçi saýlawlarda berlen sesleri galp ýollar bilen ogurlamakda hem-de parlamentdäki öz koalisiýasynyň agzalaryny para-peşgeş bilen öz tarapyna çekmeklikde aýyplaýar.

Timoşenko göreşmekçi

Düýn Timoşenko Ukrainanyň «demokratik güýçleriniň» öňüni çekip, Wiktor Ýanukowiçiň dolandyryşyna garşy göreşjekdigini nygtap, çykyş etdi.

Ýuliýa Timoşenko, bardy-geldi şu günki geçiriljek ses berişlikde deputatlaryň goldawyny gazanyp bilmäýende-de, tä Wiktor Ýanukowiç parlamentde agdyklyk ediji koalisiýany düzýänçä, premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji bolup galar.

Beýleki bir tarapdan, kanunyň talap edişine görä, 30 günüň içinde parlamentde agdyklyk ediji koalisiýany düzäýmek hem Wiktor Ýanukowiç üçin ýeňil wezipe bolmaz. Eger şu möhletiň içinde oňa agdyklyk ediji koalisiýany düzmek başartmasa, onda onuň parlamenti dargadyp, täzeden parlament saýlawlaryny yglan etmegi-de mümkin diýlip garaşylýar.

Geçen aý Wiktor Ýanukowiç telewideniýede eden çykyşlarynyň birinde hiç bir ýagdaýda-da Ýuliýa Timoşenkonyň premýer-ministrlik wezipesinde galyp bilmejekdigini nygtapdy.

Bu wakalaryň fonunda bolsa şu hepdäniň duşenbe güni Wiktor Ýanukowiç Ukrainanyň prezidenti hökmünde özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Brýusselden başlady. Ol ýerde Ýewropa Bileleşiginiň resmileri bilen geçiren duşuşygynda Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary gowulandyrmaklygyň Ukraina üçin iň esasy wezipelerden biri boljakdygyny belledi.
XS
SM
MD
LG