Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň parlamenti Timoşenkonyň hökümetini dargatdy


Ukrainanyň parlamenti şu gün Timoşenkonyň hökümetine garşy ynamsyzlyk boýunça hödürlenen teklibi tassyklap, Timoşenkony we onuň käbinetini wezipesinden çekilmäge mejbur etdi.

Ukrainanyň 450 agzadan ybarat parlamentinde 243 deputat bu teklibi goldap çykyş etdi.

Bu teklip Wiktor Ýanukowiç tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Regionlar partiýasy” tarapyndan hödürlenipdi.

Geçen aý geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Ýanukowiç Timoşenkony ýeňipdi.

Ttäze koalision hökümeti gurmak üçin “Regionlar partiýasynyň” 30 gün möhleti bar.

Eger şol möhletiň dowamynda “Regionlar partiýasy” hökümet gurmagy başarmasa, prezident Ýanukowiçiň parlamenti dargadyp, parlament saýlawlarynyň gaýtadan geçirilmegini yglan etmäge hukugy bar.
XS
SM
MD
LG