Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Batyr zenanlar unudylmaly däldir


Her halkyň öz şöhratly ogullary, gyzlary bolýar. Halk özüniň batyrlygy, edermenligi bilen taryha siňen perzentleriniň gahrymançylyklary hakda ýaş nesle gürrüň bermeli, olaryň ýadygärliklerini ebedileşdirmeli. Munuň üçin her halkyň öz ýurduna özüniň eýeçiligi gerek. Ýagny, her halk öz ýurduny özi dolandyran çagda gahrymanlaryny şöhratlandyryp bilýär.

Gynansak-da, geçen ýigrimi ýylyň wakalaryndan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk almagy diňe bir adamyň bähbidine boldy. Özüniň şahsyýet kultuny has ýokary derejä ýetiren Saparmyrat Nyýazow özüniň ýurda ýolbaşçylyk eden ýyllarynyň bütin dowamynda diňe öz maşgala agzalaryny dabaralandyrmak bilen ýaşady. Ol türkmen halkynyň şöhratly ogul-gyzlarynyň adyny ebedileşdirmek babatda hiç bir iş etmedi.

Türkmen gyzlary Saçly Dursunowa bilen Dürjemal Ysmaýylowa Türkmen medisina institutynyň talybyka, heniz instituty tamamlap ýetişmänkäler Ikinji jahan urşuna gidýärler. Olar bäş ýyllap uruş odunyň alawlaýan ähli frontuny uruşýan goşun bilen bile ädimme-ädim geçdiler. Erkekler bilen deň hatarda söweşip, ýaraly esgerlere tiz medisina kömegini bermekde bahasyna ýetip bolmajak işler bitirdiler.

Garaşsyzlyk döwründe şeýle gahryman zenanlaryň atlary şöhratlandyrylmalydy, olara ýadygärlikler dikilip, atlary köçelere, zawod-fabriklere dakylmalydy. Ýöne Nyýazowyň häkimlik eden ýyllarynda diňe onuň ejesi Gurbansoltan eje şöhratlandyrylyp gelindi. Onuň ady ýurduň aýallar žurnalyna, dokma toplumlaryna, medisina edaralaryna, mekdeplere dakyldy. Merhumyň gürrüňinem etmeli däl, Nyýazowa ýaranjaňlyk edenleriň düşündirmegine görä, Gurbansoltan eje Turkmenistana ilkinji prezident boljak ogly dogranmyş, şonuň üçinem ol gahrymanmyş.

Boljak iş bolupdyr, näme-de bolsa ol ogul doglupdyr. Ýurda, halka hiç hili haýyr getirmedik bolsa-da, garaz, prezidentiň ornunda-da ýigrimi ýyldan gowrak wagt oturdy. Öz wezipesinden peýdalanyp, özüniň maşgala agzalaryny şöhratlandyrdy. Kakasyny gahryman etdi, ejesini ökde halyçy, keşdeçi etdi. Adyny ençeme ýere dakyp, ebedileşdirdi.

Hakykatda Gurbansoltan eje halyçam bolmandyr, keşdeçem. Ýöne aram-aram Gypjaga obadaşlarynyň arasyna baryp, ýüpek-sapak satyp gaýdar eken. Ilkinji prezidentiň ejesi bolanlygy üçin goý, biz oňa ökde halyçy we keşdeçi bolupdyr diýlen gürrüňe ynanalyň hem-de onuň ruhuna hormatymyzy saklalyň. Ol hakda hiç hili aýtjak ýaman sözümiz ýok. Ýöne, juwan ýaşly gyzlarka bäş ýyllap uruş odunyň içinde, ýagyş ýaly ýagýan okuň aşagynda, bir garny aç, bir garny dok gezen, Saçly Dursunowa, Dürjemal Ysmaýylowa ýaly zenanlarymyzyň edermenlikleri prezident Nyýazowyň ejesi Gurbansoltan ejäniň halkyň öňünde bitiren hyzmatyça bardyr-a. Keşde çekmegi, haly dokamagy türkmen zenanlarynyň ählisi başarýar.

Annasoltan Kekilowa

Annasoltan Kekilowa
Garaşsyzlyk döwründe ady ebedileşdirilmeli zenanlaryň ýene birem türkmen şahyrasy Annasoltan Kekilowadyr.

Annasoltan Kekilowa elbetde, ýagyş ýaly ýagýan gülläniň aşagynda göreşmese-de, onuň-da göreşi örän kyn frontda bolupdy. Hatda onuň göreşen fronty bombalaryň ýarylýan frontyndan-da kyn bolupdy diýsek, ýalňyşmasak gerek.

Ol heniz Türkmenistanda hiç kim «Garaşsyzlyk» diýen söz hakda pikir etmeýärkä Garaşsyzlyk ugrunda göreşipdi. Ol Garaşsyzlyk ugrunda göreşmelidigine, Türkmenistany gulçulykdan halas etmelidigine, Türkmenistana demokratiýa getirmelidigine ir düşünipdi. Türkmenistanyň SSSR-iň sostawyndan çykmagyny gazanmak üçin ilkinji ädimler ädipdi. Öz goşgularynda Türkmenistanyň Orsýetiň gulçulygy astynda ýaşaýandygy barada, Türkmenistanyň Orsýete güýç bilen birleşdirilendigi hakda ýazypdy.

Ony sowet hökümeti dälihana atdyrdy. Annasoltan ömrüniň soňky günlerini dälihanada geçirdi. Ol hatda ýekeje ogly Goşun gullugyna gidende, gullukdan gelende, öýlenende ýanynda-da bolup bilmändi. Ol dälihanada-da aradan çykypdy.

Elbetde, halkyň arasynda «başistik hökümet» diýip at alan Nyýazowyň hökümeti birden ýalňyşyp, Dürjemal Ysmaýylowa bilen Saçly Dursunowany şöhratlandyraýan bolsalar-da, Annasoltan Kekilowanyň adyny tutmaga-da gorkardylar. Ol hakda gürrüňem edip bilmeýärdiler. Sebäbi başizm «Türkmenistanda demokratiýa bar» diýip, gürlemegi gowy görenem bolsa, onuň gorkýan zady demokratiýa ugrunda göreşijiler hem «demokratiýa» diýen sözdi. Şonuň üçin başistik hökümet «Annasoltan Kekilowa Garaşsyzlyk ugrunda, demokratiýa ugrunda göreşipdi» diýen sözi agzamaga-da gorkardy. Ol «demokratiýa» diýen sözden, demokratiýa ugrunda göreşijilerden bizar hökümetdi.

Annasoltan Kekilowany hökümet şöhratlandyrmasa-da, ol öz-özüni şöhratlandyrýar. Başizm döwründe ähli zehinleriň gadagan edilenligi sebäpli, häzirki günlerde-de aýtmaga derekli aýdym tapmaýan ýaşlar sowet döwründe dörän aýdymlary aýdýarlar. Şol aýdymlaryň arasynda zehinli şahyra Annasoltan Kekilowanyň aýdymlary-da bar.

Serdar Gulgeldiýew türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG