Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da Ermeni "genosidi" meselesi gozgaldy


Ýerewandaky ýadygärlik.
Ýerewandaky ýadygärlik.

Birinji jahan urşunda ermenileriň türk güýçleri tarapyndan öldürilmegini “genosid” diýip ykrar etmek baradaky rezolýusiýa düýn Amerikan Kongeresiniň Daşary gatnaşyklar baradaky komissiýsynda sese goýuldy.

Prezident Barak Obamanyň administrasiýasynyň hem-de türk hökümetiniň garşy çykmagyna garamazdan, bu rezolýusiýany makullap ses berenleriň sany 23, oňa garşylar hem 22.

Türkiýe aradan salym geçirmän, muňa jogap hökmünde öz Waşingtondaky ilçisini yzyna çagyrdy.

Rezolýusiýa indi Kongresiň plenumyna gitmeli. Ol ýerde onuň kabul ediljekdigi belli däl.

Ak Tamyň sözçüsi Mike Hammeriň bildirmegine görä, prezident Barak Obama ses berişlikden bir gün öň türk prezidenti Abdullah Güle jaň edip, Türkiýäniň Ermenistan bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak barada edýän tagallalaryna özüniň ýokary baha berýänligini aýdypdyr.

Türkiýe bilen Ermenistan öten oktýabrda iki ýurduň arasyndaky serhedi açmak barada ylalaşyga geldiler. Ýöne bu ylalaşygy türk parlamenti entek oňlanok. Türk parlamentçileri Amerikada bolan ses berişligiň bu işi indi togatatmagy mümkin diýip duýduryş berýärler.

Penşenbe güni geçen ses berişlikden öň komissiýanyň agzalarynyň arasynda bu barada çekişme gitdi. Komissiýanyň başlygy Howard Berman diňlenişigi açanda: “Bolan heläkçiliklere taryhçylar we halkara kanuny boýunça ekspertler genosid diýýärler” diýdi.

“Genosid jenaýatlary tutuş dünýä ýaýrap ýörkä, Türkiýäniň ermeni genosidini etmegi, nire-de hem bolsa, bu işi edýänlere ygtyýarnama bermek” diýip, Berman aýtdy.

Garşy agzalar

Komissiýanyň rezolýusiýa garşy agzalary hem: “Washington häzir yslam älemi bilen gatnaşyklaryny gowulandyrjak bolup ýörkä, esasy ilaty musulmanlardan durýän bir ýurtda Birleşen Ştatlara garşy ýaramaz duýgy döretmeli däl” diýdiler.

“Biz bu rezolýusiýa baradaky pikirlerimiz we hereketlerimiz barada pugta oýlanmaly. Ol göz öňünde tutulmadyk netijelere getirip, Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk bähbitlerine, Owganystan we Yrakda alyp barýan operasiýalarymyza, ol ýerlerde gulluk edýän güýçlerimize zyýan ýetirmeli däl” diýip, Ileana Ros-Lehtinen (respuplikan, Florida) aýtdy.

Dan Burton (respublikan, Florida) hem Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda gepleşikleriň barýandygyny komissiýanyň ýadyna salyp: “Bu meseläni olaryň özi çözmeli. Birleşen Ştatlar zor bilen olaryň arasyna düşmeli däl” diýdi.

“Beýle karary kabul etmek dogry zatmy? Onuň näme peýdasy bolar? Sorag, ine şu. Men munuň bir zada kömegi deger öýdemok. Gürrüňi edilýän iki ýurt bu meseläni gepleşikler arkaly çözjek bolup, taryhy faktlara seredilmegi üçin halkara ekspertlerini getirip, özleri bir netijä geljek bolup ýör. Meniň pikirimçe, iň gowusy, bu meseläniň çözgüdine ýol bermek” diýip, Burton aýtdy.
XS
SM
MD
LG