Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÖB: “Transowgan gaz proýekti ýatdan çykarylmady”


Aziýa ösüş bankynyň Maniladaky baş edarasy.
Aziýa ösüş bankynyň Maniladaky baş edarasy.

Aziýa ösüş banky dünýäniň iň uly banklaryndan biri bolup, ol türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Günorta Aziýa akdyrjak gaz geçirijisini gurmak barada tagalla edip gelýär. Emma Merkezi Aziýada ýerleşýän beýleki ýurtlarda 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan işe girişen bu bank näme sebäpdendir diňe ýaňy-ýakynda Türkmenistanda öz wekilhanasyny açýanlygyny yglan etdi.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu meseleler hakda Aziýa ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Juan Miranda bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen Aziýa ösüş bankynyň Merkezi Aziýada şu güne çenli amala aşyran işleri hakda dolurak maglumat beräýseňiz?

Juan Miranda: Biz Merkezi Aziýada 1990-njy ýyllardan soň geçiş döwri başlanaly bäri iş alyp barýarys. Biziň regiondaky agzalarymyz bilen oňyn aragatnaşygymyz bar. Merkezi Aziýa Aziýanyň esasy regionlaryndan biridir. Şonuň üçin şol sebitde ýerleşýän ähli ýurtlarda biziň wekilhanalarymyz bar.

Azatlyk Radiosy: Bankyň Merkezi Aziýada işe başlamagy regiona nähili täsirini ýetirdi, meselem, göze ilip duran bir ösüş boldumy?

Juan Miranda
Juan Miranda:
Gazanylan ençeme üstünlikler bar. Aziýa ösüş banky Merkezi Aziýada ençeme proýektleri amala aşyrdy. Olar ýol we elektrik stansiýalaryny gurmak bilen bir hatarda sebitde ýerleşýän ýurtlara dürli ugurlar boýunça maslahat bermekden ybaratdyr.

Ikinji gazanylan üstünlik bolsa, Merkezi Aziýa boýunça regional hyzmatdaşlyk programmasyny ýola goýmagymyzydyr. Bu topar gurama agza ýurtlaryň arasynda dürli ugurlar şol sanda söwda we energiýa boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmagy maksat edinýär.

Biz bu programmanyň alyp baryjysy, ýagny sekretarlygy hökmünde wezipe berjaý edýäris, şunlukda bu ugurda uly üstünliklere şaýat bolduk. Olardan biri hem regionda gurlan ykdysady koridordyr. Bu koridor Merkezi Aziýa regionyny Hazar deňzine we Hazary bolsa Gara deňze baglanşdyrýar.

Biziň demirgazygy gündogara baglaýan proýektlerimizem bar. Şeýle-de energiýa howpsuzlygyny we üpjünçiligini, hemem onuň söwdasyny kadalaşdyrýan proýektlerimizem bar.

Azatlyk Radiosy: Siziň gürrüňini edýän bu proýektleriňiz eýýäm amala aşyryldymy, ýogsa-da diňe göz öňünde tutýan planlaryňyz hakda gürrüň berýärsiňizmi?

Juan Miranda: Biziň dürli proýektlerimiz bar, olaryň hersiniň amala aşyrylyş möhleti ortaça aýdylanda bäş ýyldan ybaratdyr. Biz häzirki döwürde proýektlerimiziň üçünji tapgyryny amala aşyrýarys. Olardan käbirleri, meselem, suw, saglyk, ýol we energiýa pudagy bilen bagly ençeme proýektiň gurluşygy bireýýäm tamamlandy. Käbir proýektler bolsa dowam etdirilýär.

Amala aşyrylan proýektlerden biri Kabuly elektrik togy bilen üpjün etmekdi. Bu proýekt başa barmazdan ozal kabulyň ýaşaýjylaryna 24 sagadyň dowamynda diňe iki sagat elektrik togy berlen bolsa bu proýekt arkaly olar 24 sagat elektrik bilen üpjün edildi.

Biz Bişkek bilen Almatynyň arasynda ýol hem gurduk. Şol ýoluň bir ujy Hytaýa gidýän ýola birigýär. Biz häzirki döwürde Gazagystandan Hazar deňzine açyljak bir koridory hem gurarys.

Azatlyk Radiosy: Siz Merkezi Aziýada uzak wagtdan bäri iş alyp barýarsyňyz, emma Türkmenistandaky wekilhanaňyzy diňe ýaňy-ýakynda açýanlygyňyzy yglan etdiňiz, munuň sebäbi näme?

Juan Miranda: Türkmenistan ençeme ýyldan bäri bu gurama agzadyr, emma biziň şol ýurtda wekilhanamyz ýokdy. Biziň bu ýurtdaky edaramyz ýakyn wagtda işläp başlar. Biz bu barada zerur ylalaşyklara gol goýduk. Aziýa ösüş banky ýaly halkara banklaryň haýsydyr bir ýurtda wekilhanasyny açmagy belli bir býurokratik işleri talap edýär. Bu işler tamamlandy.

Bankymyzyň prezidenti we beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylarymyz ýakynda Türkmenistana baryp şol ýurduň ýolbaşçylary bilen pikir alyşdylar. Biziň nukdaýnazarymyzdan şol duşuşyklarda möhüm ylalaşyklara gol goýuldy.

Azatlyk Radiosy: Bankyň Türkmenistanda wekilhana açmagyna şu güne çenli päsgelçilik döreden zat nämedi?


Juan Miranda: Muňa sebäp bolan zat Türkmenistanyň halkara kompaniýalaryna öz gapylaryny o diýen açmazlygydyr. Mendäki maglumatlara görä, Türkmenistanda şu güne çenli diňe Ýewropada dikeldiş we ösüş banky käbir proýektleri amala aşyrdy.

Yslam ösüş banky hem ýurtda käbir işleri amala aşyrmaga synanyşýar, mendäki maglumatlara görä, şu çaka çenli Dünýä banky ýa BMG hem Türkmenistanda o diýen uly proýektlere girişenok.

Türkmenistanda häzirki döwürde belli bir derejede ösüşler bar, türkmen ýolbaşçylary biziň işimiz bilen gyzyklandylar, biz hem olaryň bu islegine jogap hökmünde Aşgabatda öz wekilhanamyzy açmak kararyna geldik.

Edaramyzyň bolmanlygyna garamazdan, Aşgabat bilen aragatnaşygymyz bardy, geçen ýyllaryň dowamynda hem Türkmenistana dürli ugurlar boýunça ýardam etdik.

Azatlyk Radiosy: Bank Türkmenistanda mundan beýläk haýsy pudaklara has köpräk üns bermekçi?

Juan Miranda: Infrastraktura, bu ugurda esasanam ulag infrastrakturasyny göz öňünde tutýaryn, şeýle-de energiýa, suw, kanalizasiýa sektoryna köpräk üns berler.

Şeýle-de obalary ösdürmäge-de tagalla ederis, bu barada esasanam suw, we suw serişdelerini dolandyryş sistemasy, şeýle-de ekerançylyk ýerlerini suwarmak ýaly pudaklara üns berler.

Ýagny, umuman aýdylanda, Türkmenistanda hem bank tarapyndan beýleki ýurtlarda alnyp barylýan proýektler ýola goýlar.

Azatlyk Radiosy: Owganystan aşyr türkmen gaz geçirijisini gurmak boýunça Aziýa ösüş banky tagalla edip gelýär, bu ugurda haýsydyr bir täzelik barmy?

Juan Miranda: Hawa, biz bu proýekt barada hem Türkmenistanyň hökümet wekilleri bilen pikir alyşdyk. Bu gaz geçirijiniň gurulmagyna täzeden badalga berilmegi mümkin. Soňky döwürlerde bu turbanyň ünsden düşmegine sebäp bolan käbir beýleki proýektler bardy. Meselem, Türkmenistandan Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa gaz akdyrjak geçirijiniň gurluşygyna köpräk üns berildi, häzirki döwürde bu proýektiň gurluşyk işleri tamamlanyp, ol eýyam synagdan geçirilip başlandy.

Şunlukda “TAPI” diýlip hem atlandyrylýan we Türkmenistany, Owganystany, Päkistany we Hindistany öz içine alýan bu proýekt gaýtadan ähmiýete eýe bolar. Bu barada şol ýurtlaryň wekilleri bilen ýakyn wagtlarda haýsydyr bir gepleşik geçirilmedi, emma men bu proýekt ýakyn wagtlarda gaýtadan gün tertibine giriziler diýip, pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Aziýa ösüş banky bu proýektde nähili rol oýnaýar?

Juan Miranda: Aziýa ösüş banky bu proýekte gatnaşýan ýurtlary duşuşdyrmak, hemem bu proýekti maliýeleşdirmek işine gatnaşar. Biz esasanam bu gaz geçirijiniň gurulmagy üçin goşmaly maliýe goşandy öz serişdeleriniň hasabyna üpjün etmäge Owganystana ýardam ederis. Sebäbi Owganystan ýurtdaky ykdysady ýagdaýlar zerarly proýekte maliýe taýdan goşant goşmakda iň kynçylyk çekjek ýurtlardan biridir.

Azatlyk Radiosy: Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary bu proýektiň amala aşyrylmagyna päsgelçilik döretmeýärmi?

Juan Miranda: Bu siziň bu proýekte garaýyşyňyza bagly. Eger muňa gysga möhletli bir proýekt hökmünde seretseňiz, elbetde, bu plana Owganystandaky ýagdaýlaryň howp salýandygyny aýdyp bolar.

Eger bu gaz geçirijä uzak möhletli bir proýekt hökmünde seretsek, Owganystanda haçanda durnuklylyk emele gelen halatynda bu proýektiň ullakan girdeji çeşmesi boljakdygy ikuçsuzdyr.

Bu gowy we girdejili proýekt bolar, bu proýekt ady agzalýan ýurtlaryň ilatynyň ykdysady ýagdaýynyň gowulaşmagyna hem oňyn täsir eder.

Azatlyk Radiosy: Şeýle ýagdaýda bu proýektiň gurluşyk işleriniň haçan başlajakdygy barada siziň anyk maglumat bermäge mümkinçiligiňiz ýok ýaly, şeýlemi?

Juan Miranda: Proýektiň gurluşyk işlerine başlanmazdan ozal, bu gaz geçiriji baradaky maglumatlar gaýtadan gözden geçirilmeli, meselem onuň nireden geçmelidigi, bu proýekte näçeräk çykdajy ediljekdigi we nähili şertnama baglanşyljakdygy barada anyk karara gelinmeli.

Häzirki döwürde size berip biläýjek maglumatym bu barada işleriň alnyp barylýanlygydyr. Eger tagallalarymyz öz wagtynda başa barsa, bu proýektiň tizara amala aşyrylmagy mümkin, eger işler garaşylan derejede öňe gitmese, onda beýleki işler-de haýallar.

Emma size anyk bir mysal aýdaýyn. Türkmenistandan Hytaýa gaz akdyrjak geçirijiniň gurluşyk işleri iki ýylda tamamlandy. Aýtjak bolýan zadym, turba gurmak o diýen uly mesele däl, esasy zat bu barada ylalaşyga gelinmegidir. Bu işi amala aşyrmak üçin biz has köp barlaglary we duşuşyklary geçirmeli. Munuň nähili amala aşyryljakdygy baradaky mesele bu proýekte gatnaşýan ýurtlara bagly.

Azatlyk Radiosy: Bu gaz geçirijiniň gurulmagy barada oňa gatnaşýan ýurtlaryň arasynda haýsydyr bir ylalaşmazlyk barmy?

Juan Miranda: Ýok, emma bu Türkmenistanyň bu proýektiň amala aşyrylmagyna näderejede isleglidigine bagly. Meselem Aşgabat öz müşderileri bolan Hindistan we Pakistan tarapyndan öňe sürülýän şertleri kabul etmäge taýýarmy?

Owganystan barada aýdylanda, ol bir tranzit ýurt, eger turba onuň territoriýasyndan geçse, Owganystan şondan gazanç eder. Bu ýurt bilen bagly haýsydyr bir kynçylyk ýok.

Azatlyk Radiosy: Men Türkmenistanyň bu proýektiň amala aşyrylmagyny isleýänligini çak edýärdim, emma siziň sözleriňzden belli bolşuna görä, ol henizem pikirlenýän ýaly, şeýlemi?

Juan Miranda: Olar elbetde, pikirlenmeli, türkmenler häzirki döwrüň şertlerini, dünýä bazarlarynyň talaplaryny gaýtadan gözden geçirmeli, bu ugurda diskussiýalar amala aşyrylmaly.

Haçanda seniň satlyk bir zadyň bar bolsa, oňa isleg bildirýän adamlar bilen pikir alyşýarsyň, bu, elbetde, kadaly zatlardyr. Biz şeýle gepleşikleri gurnamaga ýardam etmäge taýýar.

Bu proýektiň geljegi barada, elbetde, aşa optimistik garaýyşlara-da o diýen orun ýok, emma negatiw pikirleri öňe sürmäge-de esas ýok, ýagny bu dowam edýän bir prosesdir. Ýöne esasy zat, bu proýektiň henizem gün tertibinde durmagy. Biziň edaramyzyň prezidenti bilen Türkmenistanyň prezidentiniň arasynda bolan duşuşyk munuň şeýledigini aňladýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan Hytaýa-da gaz satyp başlady, şeýle ýagdaýda Owganystan aşyr geçirijisini gaz bilen üpjün etmäge Aşgabadyň ýagdaýy bardyr öýdüp, pikir edýärmisiňiz?


Juan Miranda:
Elbetde, bank hökmünde Türkmenistanyň bu geçirijini gaz bilen üpjün etmäge ýagdaýynyň bardygyna ynanýarys. Biz Türkmenistanyň ýerasty baylyklarynyň möçberi barada käbir raportlara syn etdik.

Elbetde, şeýle stastiski maglumatlar has takyk gözden geçirilmeli, emma bu ugurda haýsydyr bir kynçylyk bardyr öýdüp, pikir edemzok.
XS
SM
MD
LG