Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aýal-gyzlar güni bellenilýär


Türkmenistanyň resmi habar çeşmeleriniň maglumatyna görä, şu gün ýurtda aýal-gyzlar güni baýram edilip bellenilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu mynasybetli aýal-gyzlara ýüzlenip gutlag beýanatyny etdi.

Prezident gutlag hatynda “döwletiň aýal-gyzlaryň ýagdaýlary bilen gyzyklanýanlygyny we olaryň ýurtda amatly şertlerde ýaşamaklaryny üpjün etmek üçin zerur bolan ähli mümkinçileriň dörediljekdigini” nygtaýar.

Türkmenistan bilen bir hatarda, dünýäniň ençeme beýleki ýurtlarynda, şol sanda postsowet we Türkiýe ýaly ýurtlarda hem bu gün baýramçylyk hökmünde bellenilýär.
XS
SM
MD
LG