Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý: “Owganystan “söweş meýdany” edilmeli däl”


Prezident Hamit Karzaý 11-nji martda eden çykyşynda beýleki ýurtlaryň arasynda barýan güýç synanyşygynda owgan topraklarynyň “söweş meýdany” bolmagyny islemeýänligini aýtdy.

Karzaý “Owganystan Päkistan bilen Hindistanyň arasynda barýan dawanyň öz territoriýasynda bolmagyny islemeýär. Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky dawanyň hem Owganystanda amala aşyrylmagyny Kabul islemeýär” diýdi.

Päkistanyň paýtagty Yslamabatda eden çykyşynda, Karzaý uly ýa kiçi, ýakynda ýa uzakda ýerleşýän islendik ýurduň beýleki bir ýurda garşy öz dawasyny Owganystanda alyp barmagyna Kabulyň garşydygyny nygtady.

Karzaýyň bu beýanaty Eýran bilen ABŞ-nyň ýolbaşçylarynyň ýakynda Owganystana eden saparlarynyň dowamynda biri-birini aýyplap eden çykyşlarynyň yzýanyna gabat geldi.

Şonda ABŞ we Eýran birek-biregi Owganystanda “iki ýüzli oýun” oýnaýanlykda aýyplapdy.

Karzaý Päkistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani bilen bilelikde Yslamabatda geçiren metbugat ýygnagynda, Talyplar bilen gepleşikler boýunça Päkistanyň uly rol oýnap biljekdigini hem belledi.
XS
SM
MD
LG