Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Ysraýyly palestinalylar bilen gepleşiklere çagyrdy


13-nji martda Finlandiýada Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ministrleriniň resmi däl duşuşygynda ÝB-niň Daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Katerin Aşton çykyş edip, Ysraýyly eglenmezden palestinalylar bilen gepleşiklere başlamaga çagyrdy.

Ysraýylyň Gündogar Iýerusalimde öý gurluşygyny dowam etdirmek plany ABŞ, BMG, Orsýet we ÝB tarapyndan ýazgaryldy.

Bu mesele boýunça çykyş eden ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Hillary Klinton “Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu we onuň hökümetiniň bu hereketi bilen dünýa jemgyýetçiligine örän ýaramaz yşarat berýändigini” aýtdy.

9-njy martda ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýdeniň Ysraýyla sapar eden döwri Ysraýylyň häkimiýetleri Gündogar Iýerusalimde ýene 1600 öýüň gurluşygyna rugsat berdiler.
XS
SM
MD
LG