Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Afrikada zamun alnan fransiýalylar azat edildi


Merkezi Afrika Respublikasynda gumanitar ugurdan iş alyp baran we ýaragly söweşijiler tarapyndan zamun alnan Fransiýanyň iki sany raýaty düýn zamunlykdan azat edildi.

Fransiýanyň raýatlary Oliwier Denis bilen Oliwier Frappe geçen ýylyň noýabrynda Merkezi Afrika Respublikasynda ýaragly söweşijiler tarapyndan alnyp gaçylypdy.

Fransiýanyň daşary işler ministri Bernard Kuşner bu iki raýatyň düýn Sudanyň Darfur regionynda zamunlykdan boşadylandygyny mälim etdi. Ýöne bu wakanyň jikme-jikligi barada ol anyk maglumat bermekden saklandy.
XS
SM
MD
LG