Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Nokat com” domeýni 25 ýaşady


1985-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Ştatlarda kompýuter öndürýän Symboliks atly bir kompaniýa symboliks.com ady bilen ilkinji “nokat com” sahypasyny hasaba aldy.

Domeýniň ýola düşüşi ilki gaty haýal gitdi. 1990-njy ýyllaryň ortalaryna çenli kompýuterli adamlar köp däldi. “nokat comuň” nämedigini bilýänleriň sany ondan hem azdy.

Apple ýaly häzir giňden tanalýan kompaniýalar Symboliksden ençeme ýyl soň hasaba alyndy. Ýöne indi “nokat com” internetden peýdalanýan 1,6 milliard adamyň durmuşyna giňden ornan adalga bolup durýar.

Adamlar söwda etjek bolsa, başgalar bilen aragatnaşyk gurjak bolsa, täze zatlar öwrenip, maglumat edinjek ýa beýlekiler bilen pikir alyşjak bolsa, “nokat kom” sahypalaryndan peýdalanýarlar.

Günde hasaba alynýan “nokat com” sahyplarynyň sany 100 müň töweregi. Häzir öz işini dowam etdirýän web sahypalarynyň sany 86 milliona golaý. Geçen 25 ýyllykda şular ýaly millionlarça sahypa gelip-geçdi.

“Nokat com” domeýnini ilkibaşda Birleşen Ştatlaryň Goranmak Ministrligi dolandyrýardy. Soňra "Network Solutiona" geçdi. Ondan hem "VeriSign" satyn aldy.

Kaliforniýada ýerleşýän bu kompaniýa 16-njy martda “nokat comuň” 25 ýyllygyny uly dabara bilen bellemekçi. Dabarany açjak Birleşen Ştatlaryň öňki prezidenti Bill Klinton.

“Nokat com” internet adresleriniň her biriniň özboluşlylygyny üpjün edýän ýokary derejeli domeýn atlarynyň biri.

1985-njy ýylyň başlarynda “nokat com” bilen birlikde “nokat edu”, “nokat gov”, “nokat mil”, “nokat org” we “nokat net” döredildi. Ýöne ýurtlaryň kody görkezilýän domeýn atlary-da bar. Mysal üçin, “nokat ru” Orsýeti, “nokat ir” Eýrany, “nokat af” Owganystany görkezýär.

2009-njy ýylda has ileri tutulan domeýnler “nokat com”, “nokat cn”, “nokat de” we “nokat net” boldy.

Internet äleminde öten ýyl ýetilen ýene bir sepgit bar: halkara domeýn atlaryny indi ýeke latyn harplary däl, kiril, arap we hytaý ýazuwy bilen-de berip bolýar.
XS
SM
MD
LG