Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaranjaňlaryň yaryşy


Türkmenler näme üçin türkmen telewideniýesini görenoklar? Munuň sebäbi gepleşikleriň diňe tehniki taýdan gowşaklygyndamy? Mazmuny baý bolsa, diňe tehniki nogsanlar sebäpli halk öz milli telewideniýesinden ýüz öwürmejek ýaly. Onda belanyň körügi nämede?

Belki-de, geçmişden alnan käbir mysallar bu soragyň jogabyny tapmaga kömek eder? Geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda TKP MK-nyň buýrugy boýunça Türkmen telewideniýesinde kolhozlardaky komsomol-ýaşlar brigadalary görelde hökmünde öwmeli edildi. Öwmäge-de suwytly zat bolmansoň, komsomol-ýaşlar brigadalary hakdaky gepleşikler örän garypdy, žurnalistler olary nädip öwjeklerini bilmän, heläk bolýardylar. Onsoň şol döwürde Türkmen telewideniýesiniň Ýaşlar redaksiýasyndan şeýle sözlemiň efire gideni ýadymda: "Üçünji komsomol-ýaşlar brigadasynda zähmet çekýän ýaşlaryň aglabasy ýaşlar".

Elbetde, bu sözlemiň awtory soň ep-esli wagtlap gülki ýassygy boldy. Eger şeýle bimany gaýtalamalaryň üstünden gülünýän bolsady, onda bu gün türkmen telewideniýesi hut ”Gülküler öýüne” öwrüläýmeli! Sebäbi häzirki wagtda Türkmen telewideniýesiniň gepleşikleriniň agramly bölegi hut şoňa meňzeş boş sözlemlerden ybarat!

Ine, bir mysal: şu ýylyň fewralynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mary şäherine baryp, täze binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu hakda Türkmen telewideniýesi birnäçe gepleşik taýýarlady. Ýöne, gynansak-da, ol gepleşikler täze binalar hakda däl-de, hemişekisi ýaly ýene-de prezident hakda boldy. Şu ýylyň 23-nji fewralynda efire giden ”Çagdyr bu çaglar” atly gepleşikdäki öwgüleriň sowet döwründäki tagaşyksyz öwgülerden näme tapawudynyň bardygyny telewideniýäniň başlyklary biläýmese, tomaşaçylara bilmek kyn. Bu gepleşikde Ogulbossan atly zenan şeýle diýýär: "Mara baranda, biz mähriban prezidentimiziň öz mähriban halkyna nähili mähribanlygyny duýduk".

Şeýle çylkasyz gepleşikleri halka hödürleýänleriň teležurnalistikadan baş çykarýanlygy-da, telewideniýäniň wezipesine düşünýänligi-de ikuçly. Birnäçe gün Türkmen telewideniýesiniň gepleşiklerini görseň, tomaşaçylary ondan gaçyrýan zatlara göz ýetirmek kyn däl.

Hany hakyky durmuş?

Türkmen telekanallarynyň programmalarynyň mazmuny juda garyp. Telewideniýede ýurduň tebigatynyň gözellikleri, taryhy, türkmen halkynyň medeniýeti, türkmen edebiýatynyň, sungatynyň geçmişi, şu güni hem geljegi, türkmenistanlylaryň öňki hem häzirki nesilleriniň işleri, halkyň başdan geçirýän kynçylyklary, ýeňişler hem ýeňlişler dogrudaky çynlakaý hem dogruçyl telegörkezişleriň deregine mazmun taýdan birmeňzeş, göwnejaý wideobezegi bolmadyk, çala başy gowşan ýöwsel gepleşikler efire berilýär.

Hany satira we ýumor, ýurduň teatrlarynyň spektakllary? Hany açyk hem batyrgaý çekişmeler? Hany dünýä medeniýetiniň türkmen dilindäki hazynasy? Hany hakyky durmuş? Hany hakyky telewideniýe?

Türkmen telewideniýesinde gyzykly görkezişleriň ýerini birçak ýasama öwgüler, derwüşleň samramasy ýaly bimany alkyşlar, ýasama ýüzler, ýasama gözler eýeledi. Telewideniýe täze maglumatlaryň, milli medeniýetiň, ylmyň-bilimiň, manyly güýmenjeleriň ojagy bolmak roluny ýitirip, bireýýäm ýaranjaňlaryň ýallaklykda ýaryşýan ýerine öwrüldi. Onsoň beýle telewideniýe kime gerek?! Prezident bolsa, metbugaty bogýan rehimsiz senzurany ýatyrman, söz, metbugat azatlygyny girizmän, häli-şindi telewideniýäniň işini tankytlaýar. Ýöne üstüne münüp, böwrüne depeniň, gamçylanyň bilen dört aýagy-da duşakly at nädip çapsyn?!

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG