Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Geňeşiniň wekilleri Moskwa gelýär


Şu gün Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasynyň Orsýet boýunça täze dokladçylary Andreas Gross bilen Georgi Frunda Moskwa gelýär.

3 günlük saparyň dowamynda olar Orsýet çinownikleriniň we syýasatçylarynyň ençemesi bilen duşuşar.

Saparyň maksady Ýewropa Geňeşiniň öňünde Orsyetiň alan borçlaryny ýerine ýetirişine baha bermekdir.

Şu gün Orsýete şeýle-de Ýewropa Geňeşiniň Demirgazyk Kawkazda adam hukuklarynyň ýerine ýetirilişi boýunça dokladçysy Dik Marti gelýär.

Onuň bir hepde dowam etjek saparynyň programmasynda Inguşystana, Çeçenistana we Dagystana baryp, şol respublikalaryň prezidentleri, parlamentçileri, adam hukuklaryny goraýjylar hem hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar bar.
XS
SM
MD
LG