Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlarda Sarkoziniň tarapdarlary uly ýeňlişe sezewar boldy


Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkoziniň tarapdarlary düýnki regional saýlawlarda uly ýeňlişe sezewar boldy.

Deslapky sanalan sesleriň netijelerine görä, sosialistleriň baştutanlygyndaky çepçi partiýalar saýlawa gatnaşanlaryň 50% gowragynyň goldawyny alypdyr.

Sarkoziniň taraplarlary 17% ses alypdyr. Fransiýanyň 22 regionyndan diňe birinde - Elzasda sagçylaryň ýeňiş gazanmaga şansy bar.

Fransiýanyň premýer-ministri Fransua Fiýon dolandyryjy partiýanyň işiniň şeýle şowsuz bolmagynda öz jogapkärçiliginiň bardygyny eýýäm mälim etdi.

Onuň şu gün iş başyndan çekilmek barada prezidente ýüzlenjekdigini käbir synçylar belleýärler. Ýöne täze kabineti düzmegi Sarkozi ýene-de Fiýona tabşyrar.
XS
SM
MD
LG