Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Eýrany media senzurasyny bes etmäge çagyrýar


Bileleşigiň baş diplomaty Katherine Aşton Brýusseldäki duşuşykdan soň çykyş edýär, 22-nji mart, 2010-njy ýyl.
Bileleşigiň baş diplomaty Katherine Aşton Brýusseldäki duşuşykdan soň çykyş edýär, 22-nji mart, 2010-njy ýyl.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri düýn öz bilelikdäki beýannamasynda Eýrany daşary ýurtlardan berilýän media gepleşikleriniň öňüni almagy we internet senzurasyny bes etmäge çagyrdylar.

Bileleşigiň 27 ministri Tähranyň bu işini ýazgaryp, “bu kabul ederliksiz ýagdaýy togtatmak maksady bilen” özleriniň bu meseleleri yzarlajakdyklaryny aýtdylar.

Bileleşigiň baş diplomaty Katherine Aşton muňa garşy çäre görmek barada entek gelnen bir ýörite kararyň ýoklugyny bildirdi: “Eýranda media gepleşikleri barada bolýan zatlar bizi gaty aladalandyrýar. Näme çäreler görülmelidigi barada entek edilen iş ýok. Ýöne, bilşiňiz ýaly, Eýranda bolýan zatlar bizi aladalandyrýar”.

Aýdylyşyna görä, aýratyn-da Niderlandlar internet we sputnik telefonlaryny senzuralamakda ulanylýan tehnologiýanyň Eýrana eksportynynyň gadagan edilmegini sorapdyr. Birlşen Milletler Guramsy tarapyndan Eýranyň garşysyna berk sanksiýa girizmek baradaky tagallalar hem dowam edýär.

“Eýranyň ýolbaşçysyna öz alyp barýan ugruny üýtgetmegi üçin gysyş görkezmek hakda halkara derejesinde gelinýän ylalaşyk barha artýar” diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton düýn Waşingtonda aýtdy.

Güýçli sanksiýlar

Eýranyň garşysyna ozal hem girizilen sanksiýalar az däl. Ýöne Tähranyň atom programmasy boýunça alyp barýan işlerini aýan etmegi üçin bu sanksiýalaryň beren netijesi ýok. Şol sebäpden hem Klinton indi güýçli sanksiýalar gerek diýdi.

“Biziň maksadymyz sanksiýalary az-kem artdyrmak däl. Biziň isleýänimiz güýçli sanksiýlar. Bular ýaly sanksiýalary ýola goýmak üçin wagt gerek. Biz öz tagallalarymyzyň giňden goldanylmagy az-kem sabyr edeniňe degýär diýen pikirde” diýip, Klinton aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Eýranyň ýadro programmasyna näme üçin howply diýip garaýanlygyny Hanym Klinton şeýle düşündirdi: “Atom ýaragy Eýranyň terroristik müşderilerini güýçlendirer. Ol ýaraglanyşyk ýaryşyny artdyryp, regiony durnuksyzlaşdyrar. Bu kabul ederlikli zat däl. Bu Birleşen Ştatlar üçin kabul ederliksiz. Ysraýyl üçin kabul ederliksiz. Region üçin kabul ederliksiz. Halkara arkalaşygy üçin kabul edeliksiz. Birleşen Ştatlar özüniň Eýranyň atom ýaragly bolmagyny bökdemek baradaky kararynda berk dur”.
XS
SM
MD
LG