Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda NATO-nyň harby wertolýoty heläkçilige uçrady


Şu gün NATO-nyň Owganystandaky harby güýçleriniň resmileri ýurduň günortasyndaky Zebul welaýatynda NATO degişli bir harby wertolýotyň heläkçilige uçrandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, harby wertolýotyň ýere gaçmagy netijesinde ondaky 14 esger ýaralanypdyr. NATO-nyň resmileri bu bolan wakada nähilidir bir ýaragly hüjümiň bolandygynyň alamatynyň ýokdugyny tassyklaýarlar.

Emma bu wakanyň yzy bilen ýerli talyp söweşijileri bu wertolýoty özleriniň atyp ýere gaçyrandyklary we ondaky esgerleriň hemmesiniň ölendigi barada maglumat ýaýratdylar. Ýöne bu soňky maglumaty häzirlikçe garaşsyz çeşmelerden hiç biri tassyklamady.
XS
SM
MD
LG