Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dmitriý Medwedew Dagystan respublikasyna sapara bardy


Dagystanda amala aşyrylan düýnki uly ýitgili partlamalaryň yzy bilen, penşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Dagystan respublikasyna sapara bardy.

Çarşenbe güni Dagystanyň Kizlýar şäherinde amala aşyrylan iki sany bomba partlamasynda 12 adam öldi. Bu wakadan iki gün öň bolsa, Moskwanyň metrostansiýalarynda amala aşyrylan şuňa meňzeş iki sany bomba partlamasynda 39 adam ölüpdi.

Prezident Dmitriý Medwedew özüniň Dagystana saparynyň dowamynda bu Kawkaz regionyndaky Çeçenstan, Inguşystan hem-de Dagystan respublikalarynyň liderleri bilen regiondaky howpsuzlyk meseleleri barada ýörite maslahat geçirmekligi planlaşdyrdy.

Çarşenbe güni Çeçenistandaky ýaragly söweşijileriň lideri Doku Omarow hepdäniň duşenbe güni Moskwada amala aşyrylan terror hüjümleriniň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, maglumat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG