Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Söz we metbugat azatlygy


Türkmenistanda oppozision syýasy partiýalaryň döredilmegine rugsat ediljekdigi barada türkmen prezideni tarapyndan orta atylan pikir ýurduň içinde we daşynda uly seslenmeleri döredipdi. Emma söz azatlygy bolmazdan bu hukuklaryň durmuşa geçmegi mümkinmi? Bu barada Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Akmuhammet Welsapar bilen söhbetdeş boldy.

G.Gere: Biz mydama söz azatlygy diýip, köp gaýtalaýarys. Eýse, söz azatlygy aslynda näme?

A.Welsapar: Söz azatlygy, gysgaça aýdanyňda, jemgyýetiň sagdyn ýaşamagy hem ösmegi üçin iň zerur graždan azatlygy. Şeýle bir ýagdaýy göz öňüne getirjek bolup görüň: hamana, adamlara geplemek düýbünden gadagan edilipdir diýeliň, şonda nähili bolar? Şony, heý, göz öňüne getirmek mümkinmi? Adamlar ýaşamaly, ýöne biri-biri bilen gürleşmeli däl. Şolar ýaly ýurdy göz öňüne getirip bolarmy?

G.Gere: Ýok, mümkin däl. Adamlar geplemese bolmaz-a!

A.Welsapar:
Örän dogry. Diýmek, adamlara geplemegi gadagan etseň, onda ýaşaýşyň manysy ýitjek, munuň soňunyň hatda nämä barjagam belli däl. Iň bärkisi, adamzady haýwanatdan tapawutlandyrýan iň esasy gymmatlyk ýitjek. Geliň, indi ýene bir basgançak ýokary galalyň. Aýdaly, adamlara geplemek gadagan edilmändir, olara özbaşyna geplemek bolýar-da, ýöne özara gepleşmek bolanok. Eýse, siz şeýle ýagdaýy göz öňüne getirip biljekmi?

G.Gere: Ýok, onam göz öňüne getirmek kyn. Sebäbi adamlar nädip özara gepleşmän oňmaly? Olar her günde, her sagatda, her demde özara gepleşmeli, pikir alyşmaly, geljekde näme işleri etmeli, geçmişden nähili sapak almaly – özara pikir alyşmazdan, bu işleriň hötdesinden gelmek kyn bolar.

A.Welsapar: Gaty dogry. Özara pikir alyşman, nädip ýaşasynlar diýsene!

G.Gere: Hawa, asla nädip adam şekilli ýaşasynlar?!

A.Welsapar: Gepem şonda. Eger-de adamlara, aýdaly, haýsydyr bir döwlet özara gepleşmegi gadagan edäýse, onda ýaşýaýyş, durmuş şol ýerde durubermeli. Durmasa-da, şondan soň adamzadyň durmuşy öňküsi ýaly boljak gümany ýok. Şondan soň ol hökman başga, häzire çenli bize nämälim ugra gönüger. Beýle ýagdaýda adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň kän esse haýallap, ýaşaýşyň hiliniňem örän peseljekdigini öňünden aňsa bolýar. Diýmek, adamlara aýry-aýrylykda geplemegi gadagan etmegem, olara özara gepleşmegi gadagan etmegem, umuman, mümkin däl, bu asla heňe gelenok. Sebäbi munuň netijeleri şeýle bir agyr boljak welin, beýle gadagançylygy girizmäge hiç bir döwlet, hiç bir hökümdar milt edip bilenok.

G.Gere. Onda, elbetde, bu taýda öz-özünden şeýle bir sorag gelip çykýar: eger adamlara özbaşyna geplemek bolýan bolsa, olara durmuşda özara gepleşmek bolýan bolsa, onda biz näme üçin Türkmenistanda söz azatlygy ýok diýilýär?

A.Welsapar: Muny diýýänligimiziň düýp sebäbi, adamlaryň özbaşyna gürläp bilmegem, durmuş derejesinde özara gürleşip bilmegem entek hemmesi däl. Tersine, bu diňe ilkinji basgançak. Eger-de uçmaga rugsat bolmasa, guşa ganatdan ne peýda? Guş diňe asmana galkanda, öz ganatlarynyň hözürini görüp bilýär, diňe şonda ganatlar öz hakyky funksiýasyny ýerine ýetirýär. Ýogsa, ol ýelekdir-dä! Ýelek derejesinde ganat diňe guşuň endamyny ýapyp, ony ýyladyp biler, emma guşa asmany sowgat berip bilmez!

Sözem edil şonuň ýaly. Söz diňe jemgyýetçilik funksiýasyny ýerine ýetirende, diňe şonda adamzadyň ganatyna öwrülýär! Biziň söz azatlygy diýýänimiz sözüň jemgyýetçilik funksiýasy! Häzirki wagtda Türkmenistanda sözüň jemgyýetçilik wezipesi gadagan edilen! Jemgyýetçilik wezipesi elinde alynsa, söz öz iň möhüm jana-jan borjuny ýerine ýetirip bilenok. Ýagny, ol jemgyýetçilik ösüşine täsir edip bilenok. Halk sözüň üsti bilen öz döwletini dolandyrmaga gatnaşyp bilenok. Gysgaça aýdanyňda, häzirki wagtda Türkmenistanda söz durmuş derejesinde ýaşaýar, emma ol jemgyýetçilik derjesinde öz iň zerur, iň gymmatly funksiýalaryndan doly mahrum edilen.

Türkmenistanda adamlara jemgyýetçilik derejesinde özara gepleşmegem, pikir alyşmagam bolanok. Bu gadagançylygam ýurtda jemgyýetçilik durmuşyny ysmaz ýagdaýa salýar. Sebäbi adamzat jemgyýeti ilkibaşdan şeýle gurlan: ol sözleşmek, pikir alyşmak arkaly ösmeli, kämilleşmeli. Halk hem şol esasda öz döwletini dolandyrmaga gatnaşmaly, öz ýurduna eýe bolmaly. Eger sözüň bu wezipesi gadagan edilse, ýurt gepläp bilýän lallaryň mekanyna öwrülýär.

G.Gere: Onda bu ýerden şeýle bir netije çykýar: söz azatlygy bolmasa, jemgyýetiň kadaly ýaşamagam, ösmegem, kämilleşmegem mümkin däl?

A.Welsapar: Hut şeýle. Söz azatlygy – guruljak jaýyň kerpiji diýseňem bolar. Garaz, şonsuz kämil jemgyýeti gurmak asla mümkin däl. Makuaelli atly filosof bu hakda şeýle diýýär: “Söz azatlygy ähli beýleki graždan azatlyklarynyň ýerine ýetirilmeginiň kepilnamasydyr”. Eger-de bu jümläni şeýle terjime etseň, hasam düşnükli bolýar: “Söz azatlygy ähli beýleki graždan azatlyklarynyň enesidir”.

G.Gere: Durmuş derejesinde bu düşnükli, emma has giňräk alsak, onuň manysy nähili?

A.Welsapar: Giňişleýin alsaň, onuň manysy şeýle: söz azatlygy bolmasa, döwlet näme etse edibermeli! Hökümet, prezident halka islän zadyny wada beribem, ertesi öz sözüni yzyna alybam, ony islän wagty ýadyndan çykarybam biler. Söz azatlygy ýok ýurtda kim hem nädip häkimiýetleriň eden-etdiliginiň öňüni alsyn? Kim hem nädip hökümetden, prezidentden hasabat sorasyn? Bu mümkin däl. Şonuň üçinem söz azatlygynyň ýok ýurdunda döwlet, häkimiýet mydama eden-etdilige ýüz urýar. Sebäbi dili bagly halk olara ”edýäniň näme?” diýip bilenok. Aslynda söz azatlygy halkyň hakyny iýmek üçin gadagan edilýär.

Ine, Türkmenistany alyp göreliň: döwlet häzir halka ýurtda köppartiýalylygy girizmegi wada berdi, özem şu ýylyň dowamynda. Ýöne şony wada beren adamdan hasabat sorap bolmasa, oňa öz wadasyny ýerine ýetirmek hökman däl. Islese, ýetirer, islemese-de ýetirmez. Nä ozal türkmene köppartiýalylyk wada berilmänmidi? Elbetde, berildi. Ýöne ýurtda söz azatlygy bolmansoň, hiç kim söz beren adamdan soňra hasabat sorap bilmedi. Olam “şertim – şahyma” edip, öz wadasyny unutdy goýberdi. Bu başga hili bolubam bilmez. Ýöne, üns berip görseň, köppartiýalylyk diýmek, halkyň iň zerur haklarynyň biri. Ol ýurtda Konstitusiýa tarapyndan ykrar edilen. Baş kanuna görä, türkmenler bu çaka eýýäm näçe isleseler, şonça-da partiýa döretmelidiler. Emma, hany, bolaýdymy? Ýok. Sebäbi-de şol bir zat: ýurtda söz azatlygy ýok, şol bolmasa-da, halk öz hakynyň iýilmegine garşy durup bilenok, hakyny talap edip bilenok.

G.Gere: Konstitusiýa boýunça, Türkmenistanda söz azatlygy häzirem bar, ýöne ondan çykýan netije ýok. Näme üçin?

A.Welsapar:
Söz azatlygy gadagan ýurtda, erte ol hukuk berläýende, halkyň näçe prosentiniň ondan peýdalanjakdygyny ýa-da peýdalanmajakdygyny-da bilmek kyn. Hatda şony anyk bilmek üçinem adamlaryň öz pikirini açmagy, dürli isleglerini beýan edip bilmegi gerek. Ine, gepem şonda! Şu ýerde-de biz indiki bir örän möhüm meseläniň üstünden barýarys. Söz azatlygynyň girizilmegi-de entek hemmesi däl, ýagny ol ähli meseläniň çözgüdi bolup bilenok. Söz azatlygynyň durmuşa geçmegi, ýaşamagy, jemgyýetiň ösüşine täsir etmegi üçin Metbugat azatlygy gerek. Metbugat azatlygy bolmasa, söz azatlygyny nädip ulanjak? Nädip ony durmuşa geçirjek? Bu mümkin däl. Şonuň üçinem, üns berseňiz, söz hem metbugat azatlygy hemişe bile agzalýandyr. Diňe Söz hem Metbugat azatlygy bilelikde rugsat edilse, halk köpçüligi diňe şonda öz hakyny talap etmek üçin iň ýönekeýje mümkinçilikleri alar.

G.Gere: Diýmek, söz we metbugat azatlygam entek ähli meseläniň çözgüdi däl-dä, şeýlemi?

A.Welsapar:
Gürrüňsiz. Sebäbi söz hem metbugat azatlygyndan peýdalanyp, halk soňra öz ähli beýleki graždan azatlyklaryny almaly. Ilkinji nobatda-da, elbetde, demokratik saýlawlaryň geçirilmegini, köppartiýalylygyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyny we beýleki juda zerur azatlyklary gazanmaly. Ýogsa, özüňiz pikir edip görüň, edil häzir, prezident öz sözünde tapylaýanda-da, ertirden başlap, ýurtda köppartiýalylyk giriziläýende-de, söz, metbugat azatlygy bolmasa, aljak galaň ýok.

G.Gere: O näme üçin?

A.Welsapar: Sebäbi partiýa döretmek üçin ilki geljekki partiýanyň düýbüni tutmaly. Munuň üçin birnäçe pikirdeş adam üýşüp, täze partiýanyň Programasyny we Düzgünnamasyny düzmeli. Gel, bu işler edildi diýeliň. Eýse, hakyky iş şondan soň başlanokmy näme? Eger, ýalňyşmasam, Türkmenistanyň Köppartiýalylyk hakdaky häzirki kanunyna görä, täze partiýanyň hasaba alynmagy üçin 500 agzasy bolmaly. Emma metbugatyň üsti bilen öz ideýalary bilen geljekki agzalaryny tanyşdyryp bilmese, guramaçy topar nädip öz potensial agzalarynyň başyny jemlemeli? Nädip guramaçylyk işlerini alyp barmaly? Nädip öz Programmasyny hem Düzgünnamasyny ile ýetirmeli? Nädip ýygnak, maslahat çagyrmaly?

G.Gere: Elbetde, siz bu taýda örän zerur graždan azatlyklarynyň ýene-de käbirini agzadyňyz.

A.Welsapar: Dogry. Ýygnaklar azatlygyny. Gördüňizmi, diňe köppartiýalylygy yglan edeniň bilen iş ýüzünde bitjek zat ýok. Halkyň ol hukugynyň hasyl bolmagy üçin hökmany suratda Söz, Metbugat, Ýygnaklar azatlygy gerek. Bu azatlyklaryň hiç biri-de ýönekeý zat däl. Olar ahyr netijede jemgyýetiň ösüşine, döwletiň dolandyrylyşyna gös-göni täsir etmek üçin, halkyň döwletiň syýasatyna gös-göni gatnaşmagy üçin gerek. Ýöne, dogrusyny aýtsaň, bu-da entek hemmesi däl…

G.Gere: Bu ugurda zerur graždan hukuklaryndan ýene näme bar?

A.Welsapar: Ýaňky agzan azatlyklarymyzyň doly däl-de, eýse diňe kem-käsleýin ýerine ýetirilen ýa-da dürli derejede öňüne böwet basylan ýagdaýynda näme etmeli? Häkimiýetler graždanlaryň konstitusion hukuklaryny açykdan-açyk ýa-da gizligin bogan ýagdaýynda halk näme etmeli? Nädip adamlar bu eden-etdilikden goranmaly? Halkyň ýokary häkimiýetleriň eden-etdiliginden goranyp bilmegi üçin ýurtda Konstitusion sud bolmaly. Täze partiýany döredýänler özlerine kanun tarapyndan rugsat edilen hukugyň doly berjaý edilmedik ýagdaýynda Konstitusion suda arz edip, ýüz tutup bilmeli. Bu arza seredilip, adalatly netije çykarylmagy üçinem ýurtda Konstitusiýadan, kanunlardan ýokarda hiç kim bolmaly däl.

Durmuşda hemmez zat bolup bilýär, şol sebäpdenem hakyky hukuk döwletinde hemme zat öňünden göz öňünde tutulmaly. Eger Konstitusion sud öz funksiýasyny ýerine ýetirmese nätmeli? Onda halkyň mitinglere hem parahat köçe ýörişlerine çykmaga hukugy bolmaly.

Görşüňiz ýaly, graždanlaryň hak-hukuklaryny üpjün edýän kanunlar biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçen. Olaryň birini halkyň elinden alsaň, beýlekileri-de öz manysyny ýitirýär, bir-birden ýaşamagyny bes edýär. Olaryň sözüň doly manysynda ýaşamagy, hereket etmegi üçin zerur bolan graždan azatlyklarynyň hemmesiniň düýbünde-de, elbetde, başda aýdyşymyz ýaly, Söz we Metbugat azatlygy ýatyr. Ine, hut şol sebäpdenem graždan azatlyklarynyň enesi hökmünde Söz hem Metbugat azatlygy hemişe ilki bilen ýatlanylýar. Sebäbi şol esasy azatlyklar bolmasa, döwletem, jemgyýetem kadaly ýaşap bilenok, ýurt diňe bir syýasy, ykdysady hem sosial taýdan däl, eýse ahlak taýdanam çökýär, hökümet bolsa içinden çüýräp, korrupsiýa batýar. Beýle ýurtda häkimiýet diňe halkyň hukuksyzlygynyň we eden-etdiligiň hasabyna ýaşap bilýär.

2010-njy ýylyň 18-nji fewralynda ýurtda köppartiýalylyga rugsat berilýändigini yglan etmek bilen prezident Gurbanguly Berdimuhamedow zerur graždan azatlyklarynyň hemmesine ýol açyljakdygyny göz öňünde tutan bolsa, ne ýagşy; onda Türkmenistanda ýakyn geljekde jemgyýetçilik ösüşiniň dogry ýola düşjekdigini umyt etse bolar.

G.Gere: Diýmek, halk köpçüligi aktiwlik görkezmese, bu hukuklaryň durmuşa geçmegi mümkin däl, şeýlemi?

A.Welsapar: Ýok, mümkin däl. Türkmenlerde bir nakyl bar: “Aglamadyk oglana emme ýok” diýilýär. Eger halk köpçüligi, adamlar öz hak-hukuklaryny ýerli-ýerden talap etmeseler, düşünjeli aktiwlik görkezmeseler, onda hiç bir häkimiýet, hiç bir prezident, “ynha, şu siziň halal hakyňyz, alyň!” diýip, graždan azatlykalaryny öz eli bilen meýletin eçilmez. Gynansagam, durmuş hakykaty şeýle.
XS
SM
MD
LG