Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni belleniler


7-nji aprelde Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni dabaraly bellenilip geçiler. Şol gün bu sene mynasybetli, ýurtda dürli-dürli çäreler gurnalar, sport ýaryşlary geçiriler.

1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy döredilýär. Şu sene mynasybetli hem 1950-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni bellenilip geçilýär.

Bütindünýä saglyk güni Türkmenistanda hatda dört ýyl mundan öň hem kän bir dabaraly bellenilmeýärdi. Diňe saglygy goraýyş edaralarynda çalarak ýatlanaýmasa, bu senä ullakan öwüşgin çaýylmazdy. Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde-de Bütindünýä saglyk güni hakda çaklaňrak bir makalajyk berlerdi.

Hünäri boýunça lukman bolan Berdimuhamedowyň ýurduň prezidentligine saýlanmagy bilen Bütindünýä saglyk güni Türkmenistanda özboluşly syýasy çärä öwrüldi. Bu senä gabatlap, bir hepde öňünden ýurduň saglygy goraýşyna degişli ylmy-konferensiýalary geçirilip, sport çäreleri, aýdym-sazly dabaralar gurnalýar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde medisina degişli makalalardyr gepleşikleriň toplumy bir hepdeläp yzygiderli berilmegi dowam etdirilýär. Geçirilýän ylmy-konferensiýalarda bolsa ýurduň medisinasynda amala aşyrylan işler barada gürrüňler edilýär.

Bütindünýä saglyk gününiň bellenilýän senesinde paýtagtyň býujet edaralarynyň işgärleri hem-de talyplardyr mekdep okuwçylarynyň ählisi Saglyk ýoluna çykarylarlar. Şol gün hiç kime eglişigiň edilmejekdigini edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary eýýämden öz golastyndakylara duýdurdylar hem-de her işgärine Saglyk ýoluna gitmek hakyndaky görkezme bilen tanşandygy barada gollaryny çekdirdiler.

Mahlasy, 7-nji aprelde Saglyk ýoluna juda köp adamyň ýygnanjakdygy hakda aýdylýar. Saglyk ýoluna gatnaşjak adamlar Aşgabadyň awtotransport kärhanasy tarapyndan awtobuslar bilen üpjün edilerler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG