Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýanyň “Günorta Akym” proýektine goşuljakdygy aýdylýar


Orsýetiň Energiýa ministri Moskwa tarapyndan goldanylýan “Günorta Akym” gaz geçirijisi boýunça proýekte Awstriýanyň şu aý goşuljakdygyny aýtdy.

Bu proýektiň gurluşygynyň üstümizdäki ýylyň aýagyna çenli başlanmagyna garaşylýar.

Rus habar agentlikleriniň Orsýetiň Energiýa ministri Sergeý Şmatko salgylanyp habar bermeklerine görä, Awstriýa bilen gelinmegi mümkin ylalaşyk gurluşuk başlanmazdan öň gol goýuljak ahyrky dokument bolar.

Energiýa ministriniň öňe süren bu pikiri henize çenli garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanmady. Awstriýa “Günorta Akym” proýektine bäsdeş diýlip hasaplanýan “Nabukko” proýektini goldaýar.

ÝB we ABŞ tarapyndan hem goldanylýan “Nabukko” proýekti Hazaryň gazyny Orsýetiň territoriýasyndan sowa ýewropa akdyrmagy göz öünde tutýar.
XS
SM
MD
LG