Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: «Eýran gepleşiklerinde «konstruktiw teklipler» edildi»


Orsýet dünýäniň alty döwletiniň BMG-niň ýadro programmasy sebäpli Eýrana garşy girizjek bolýan täze sanksiýalary baradaky gepleşikleri mahalynda «konstruktiw teklipleriň» öňe sürlendigini aýdýar.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin penşenbe güni Nýu-Ýorkda Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň we ABŞ-nyň, şeýle-de Germaniýanyň gatnaşmagynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda bolan gepleşiklerden soň žurnalistleriň öňünde çykyş etdi.

Çurkin bu toparyň indiki hepde gepleşikleri dowam etmek üçin duşuşmak barada ylalaşandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Penşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen onuň rus kärdeşi Dmitriý Medwedew Pragada ýadro ýaraglaryny kemeltmek baradaky şertnama gol çekenlerinde, Eýran öz ýadro programmasy barada halkara talaplaryna gulak asmasa, munuň netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolar diýip duýduryş berdiler.
XS
SM
MD
LG