Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly kareteçiler Serbiýada 11 medal utdy


Türkmenistanyň karete studentleri Belgradda fudokan-şotokan karetesi boýunça geçen 3-nji dünýä çempionatynda 11 medal utdular.

Däp boýunça geçirilýän ýaryşa 47 ýurtdan 1200 sportçy ýygnandy. Türkmenistnyň milli sport we syýahat institutynyň studenti Arslan Hudaýgulyýew iki kümüş we bir bürünç medal utdy.

Lebaply Gurbanmyrat Gylyjow, aşgabatly Röwşen Hudaýbergenow dagynyň hersi iki bürünç medal utdy.

Aşgabatly Diýar Hojaýew bilen lebaply Gözel Pammaewa bolsa bürünç medal utdular diýip, TDH habar berýär.
XS
SM
MD
LG