Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakyýewi tussag etmek baradaky meselä seredilýär


Prezident Kurmanbek Bakyýew "Roýter" agentligine interwýu berýär, 11-nji aprel, 2010-njy ýyl.
Prezident Kurmanbek Bakyýew "Roýter" agentligine interwýu berýär, 11-nji aprel, 2010-njy ýyl.

Oppozisiýa liderleri tarapyndan döredilen Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti prezident Kurmanbek Bakyýewi tussag etmek hem suda bermek baradaky meselä seredýär.

Roza Otunbaýewa
Hökümet başlygy Roza Otunbaýewanyň “Roýter” agentligine aýtmagyna görä, Bakyýew Bişkekdäki çaknyşyklarda ölen 81 adam üçin kanun boýunça jogap bermeli.

“Täze hökümet prezident bilen bagly hiç bir zorluk ulanmakçy däl” diýip, Otunbaýewa aýtdy. Ýöne Bakyýew bilen hiç hili gepleşik ýok.

Gyrgyzystanyň prezidenti Kurmanbek Bakyýew wezipeden çekilmejekdigini, özüni öldürmäge islendik synanşygyň “ýurdy gana gark etjekdigini aýtdy”.

Bakyýew ýekşenbe güni “Roýter” agentligine beren interwýusynda Gyrgyzystandaky wagtlaýyn hökümeti “özüni özi yglan eden hökümet” diýip atlandyrdy hem onuň bilen gepleşikler geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Bakyýewiň sözerine görä, häzirki hökümet bikanun.

7-nji aprelde Bişkekdäki hökümete garşy demonstrasiýalara gatnaşyjylary oka tutmaga goşuna görkezme berendigi baradaky aýyplamany Bakyýew inkär edýär.

Bakyýew BMG-nyň parhatçylyk dörediji güýçlerini Gyrgyzystanda parahatçylygyň kepili bolmaga çagyrdy.

“Roýter” agentliginiň maglumatyna görä, Kurmanbek Bakyýew häzir dogduk ýeri Jelalabad obastynda, ýöne onuň anyk bolýan ýeri näbelli.

7-8-nji aprel günleri Bişkekde bolan bidüzgünçilikler netijesinde heläk bolanlaryň sany 81 adama ýetdi.
XS
SM
MD
LG