Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşingtonda ýadro howpsuzlygy maslahatlaşylýar


Ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň bu ýurtdaky ýadro ýaragyny döretmäge ýarajak derejede baýlaşdyrylan urandan dynmagy wada bermegi prezdient Barak Obamanyň ýadro howpsuzlygy baradaky ýokary derejeli duşuşykda gazanan üstünligi hasaplanylýar.

“Bu Birleşen Ştatlaryň 10 ýyldanam köp wagt bäri synanyşyp gelen netijesi. Bu material ençeme atom bombasyny döretmäge ýeterlik. Bu ýokary derejede baýlaşdyrylan uranyň barlygy bilinýän möhüm regionda Ukrainanyň atom ýaraglaryny ýaýratmazlyk babatda ýolbaşçylyk roluny dowam etdirýänlgini görkezýär” diýip, Ak Tamyň sözçüsi Gibbs aýtdy.

Obamanyň bu duşuşyga gatnaşýan beýleki ýolbaşçylardan hem garaşýany edil şu. Ýarag derejesindäki materiallaryň terroristleriň ýa döwlete degişli däl oýunçylaryň eline düşmezligini kepillendirmek.

Amerikan prezidentiniň haýyşy boýunça häzir dünýäniň 47 ýurdunyň ýolbaşçylary dünýäde saklanyşy gowşak ýadro materiallaryny howpsuzlandyrmak barada Waşingtonda pikir alyşýarlar.

Ilkinji ädim

Obamanyň dünýäni atom ýaraglaryndan saplamak baradaky arzuwyna tarap äden ilkinji ädimi öten hepde Orsýet bilen täze START şertnamasyna gol çekişmegi hem-de howpsuzlyk meselesinde Birleşen Ştatlaryň atom ýaraglaryna bil baglamagyny çäklendirmek maksady bilen täze milli strategiýany ile ýetirmegi boldy.

Terrorizme garşy göreş boýunça Ak Tamyň ýokary derejeli geňeşçisi John Brennanyň aýtmagyna görä, ýadro materiallarynyň terroristleriň eline düşmek howpy gaty ýokary. Ol: “Terroristik toparlaryň, şol sanda Al-Kaýdanyň-da, iň ýokary maksady atom ýaragyny edinmek” diýdi.

“Ýadro terrorizminden abanýan howp hakyky, çynlakaý we barha artýan howp. Ol biziň milli howpsuzlygymyza we global howpsuzlyga abanýan uly howplaryň biri” diýip, Brennan nygtady.

Prezident Barak Obama hem ýekşenbe güni: “Duşuşyk üstünlikli bolsa, ol Birleşen Ştatlaryň we dünýäniň howpsuzlyk derejesini bütinleý üýtgeder” diýipdi.

Brennanyň aýdanlary onuň bu pikiriniň tassyklamasy bolup durýar.

Ikinji tema


Maslahatyň ikinji temasy Eýran we Tähranyň öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlar üçindigini dünýä subut etmekden boýun gaçyrýanlygy, bu barada halkara derejesindäki sabyrsyzlygyň gitdigiçe artýanlygy.

Eýran bilen Demirgazyk Koreýa bu duşuşyga çagyrylmadylar. Eýranyň resmi habar agentligi IRNA prezident Ahmedinejadyň: “Bu günler geçirilýän dünýä duşuşyklary adamzady kemsitmek üçin ýola goýulýar” diýenini habar berdi.

Ýadro ýaraglaryna garşy dünýä ýolbaçylaynyň biri Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Ärdogan. Ol özüniň ne Eýranyň, ne-de başga bir ýurduň bu ýaragy edinmegini isleýändigini aýdýar.

Häzir Brileşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň gezekleşikli orunlarynyň birinde oturan Türkiýe Obamanyň Eýranyň garşysyna giriziljek sanksiýalary goldar diýip umyt edýän ýurtlarynyň biri.
XS
SM
MD
LG