Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan häkimiýetleri tussag edilen üç italýany goýberdi


Owgan häkimiýetleri gumanitar missiýanyň 10-njy aprelde tussag edilen üç italýan işgärini azatlyga çykardy.

Italiýanyň daşary işler ministri Franko Frattini yzygiderli diplomatik gepleşikleriň netijesinde bu işiň başa barandygyny aýtdy.

Milandaky Emergency saglyk guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýän italýanlar Owganystanyň Gilment welaýatynyň gubernatoryny öldürmek maksady bilen dildüwşüge gatnaşykda aýyplanyp, tussag edilipdi.

Şol üç adamyň häzir Kabuldaky italýan ilçihanasyndadygy, özlerini gowy duýýandygy habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG